«Altyn Asyr» bassyr altynjy gezek Türkmenistanyň çempiony boldy

  • 25.11.2019 07:41
  • 5.2k+

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 25-nji tapgyrynyň çäginde myhmançylykda “Şagadam” toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykan paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary bassyr altynjy gezek çempionlyk derejesini gazandy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy saýty belläp geçýär.
Bu tapgyrda myhmançylykda çykyş eden “Ahal” “Energetik” bilen deňme-deň (1:1) oýnady.
Paýtagtymyzyň “Köpetdagy” öz meýdanynda “Nebitçiden” 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy.
Mundan öň, bu toparyň futbolçylary türkmen futbolynyň ýokary diwizionynyň altyn medallaryny 2014, 2015, 2016, 2017 we 2018-nji ýyllarda eýeläpdi. Gazanylan çempionlayklarynyň sany boýunça «Altyn asyr» topary «Köpetdag» topary bilen deňleşdi.
2020-nji ýylda «Altyn asyr» AFK-nyň kubogynyň toparlaýyn tapgyryna gatnaşar.

şu gün 17:24
1.4k+

Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysy FIFA-nyň täzelenen reýtinginde öz ornuny saklady

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli ýygyndylaryň täzelenen reýtingini hödürledi. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň orny üýtgewsiz galdy – ol 1087,52 utuk bilen 137-nji orny eýeleýär. 2025-nji ýylda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýanyň Kubogy-2027-niň saýlama ýaryşynyň toparlaýyn tapgyrynyň çäklerinde 5 oýun geçirdi...

şu gün 11:56
2.9k+

Saud Arabystany DÇ-2034 üçin stadion gurluşygynyň çykdajylaryny azaldar

Saud Arabystanynyň garaşsyz gaznasy (PIF) 2034-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempionaty üçin stadion gurluşygynyň çykdajylaryny azaltmak kararyna geldi. Çykdajylary azaltmak meýilnamalary barada The Guardian neşiri habar berýär...

düýn 17:15
5.8k+

Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Baş baýragynyň ýeňijileri belli boldy

13-21-nji dekabr aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Baş baýrak ugrundaky tapgyrlarynyň jemleýji tapgyry geçirildi. Ýaryş olimpiýa ulgamy (pleý-off) boýunça guraldy. Jemleýji tapgyrda jemi 32 küştçi — 16-sy açyk we 16-sy zenanlar derejesinde gatnaşdy...

düýn 12:37
5k+

Pedri kluba wepalylygy we hormaty üçin «Barselonanyň» oýunçylarynyň baýragyny aldy

«Barselonanyň» ispaniýaly ýarymgoragçysy Pedri içerki futbolçylar assosiasiýasy tarapyndan Klubuň oýunçylarynyň baýragyna mynasyp boldy. Bu baýrak möwsümiň dowamynda topara wepalylygy we janköýerlere, garşydaşlara hem eminlere hormatly gatnaşygy görkezen futbolçylara berilýär...