Hublot sagat senagatynda ilkinji gezek SAXEM materialyndan sagat döretdi

  • 25.11.2019 05:35
  • 4.2k+

Hublot sagat önümçiligi üçin öň ulanylmadyk ýokary tehnologik materialdan MP-11 sagatlaryny çykarmak bilen özüniň innowasiýa lideri statusyny ýene bir gezek tassyklady. Material SAXEM (Sapphire Aluminium oXide and Earth Mineral) diýlip atlandyrylýar we ýakut daşynyň, alýuminiý oksidiniň we seýrek himiki elementleriniň (tulliý, golmiý we hrom) birikmesini özünde jemleýär. Açyk ýaşyl reňk, doly durulyk we öwüşgin – bu aýratynlyklary Hublot inženerleri birleşmeýänleri birleşdiriji The Art of Fusion konsepsiýasynyň kömegi bilen gazanmagy başardylar. Emele gelen material zümerretden berk bolýar we ol ýakut daşyndan hem güýçli öwüşgin atýar, ony forma getirmek aňsat, onuň içki gurluşy ähli nukdaýnazardan reňkleriň monohromatikligini üpjün edýär. Alty sany H-görnüşli nurbatlar we tow berilýäniň ujy titandan edilen. Sagatlaryň içinde el podzawodly we ikihepdelik ätiýaç hereketli kuwwatly manufaktura kalibri işleýär. Şeýle görkezijä sagatçylar ýogynlygy 10,92 mm bolan ýedi sany barabanyň yzygiderli oturdylmagy bilen eýe boldular. Kese oturdylan barabanlaryň we sagatlaryň hem minutlaryň dik görkezijileriniň arasyndaky energiýanyň geçiş hadysasyny goşmaça çarh üpjün edýär. HUB9011 kalibri 270 bölekden durýar we patentlenen iş sistemasyna hem-de kremnili goýberişe eýedir. Ätiýaç hereketiň görkezijisi ýedi barabanyň çepindäki silindrde ýerleşýär. Diller we san görkezijiler ýaşyl lýuminessent gatlak bilen örtülen.
Sagatlar çäklendirilen tapgyrda 20 ekzemplýarda goýberildi.

düýn 23:26
596

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......