Aşgabatda «Türkmentel — 2019» halkara sergi-maslahatyny geçirmeklige taýýarlyk görülýär

  • 23.11.2019 15:46
  • 3.8k+

27-28-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2019» atly ХII halkara sergisine ýerli we daşary ýurtlaryň 90-dan gowrak kompaniýalarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada wise-premýer B.Öwezow hökümet mejlisinde habar berdi.
Sergide Telekommunikasiýa, telemetriýa, ölçeg enjamlary, wideokonferens aragatnaşyk ulgamlary, audio we wideoýazgy enjamlary, kabel önümleri, aragatnaşyk ulgamyndaky hyzmat operatorlary, ýörite tehnikalar, logistika we beýleki bölümlerde iň täze işläp taýýarlamalar görkeziler.
Ylmy maslahatda tejribeli hünärmenler, pudaklaýyn aragatnaşyk, kommunikasiýa ulgamlarynyň, ulag pudagynyň ýolbaşçylary öz teklipleri bilen çykyş ederler. Foruma gatnaşyjylar diňe bir aragatnaşyk toplumynyň wajyp ugurlarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüş ugurlary barada maglumat almak bilen çäklenmän, eýsem, özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmaga, tejribe alyşmaga, hyzmatdaşlygyň hem-de maýa goýumlaryň görnüşlerini kesgitlemäge mümkinçilik alarlar.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow halkara serginiň ýurdumyzyň maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýa senagatynda ýeten derejelerini, pudagyň ösüş meýillerini we geljekki ugurlaryny açyp görkezmekde, Türkmenistanyň öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan daşary ýurt kompaniýalary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýtdy. Döwlet Baştutany forumyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

şu gün 12:41
439

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

şu gün 11:09
777

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

düýn 06:42
5.2k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....

11.06.2026 23:52
7.3k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......