Dyz agyryda kömek edýän berhiz

  • 23.11.2019 10:44
  • 27k+

Planetanyň her bäşinji ýaşaýjysy osteartritden ejir çekýär.
Osteartrit – artritiň iň bir ýaýran görnüşleriniň biri, ondan planetanyň her bäşinji ýaşaýjysy ejir çekýär. Gynansakda, häzire çenli bejermäniň netijeli usullary ýa-da bu kesele garşy serişdeler ýok, munda bogunlar gataýar we olaryň hereketi agyryny ýüze çykarýar. Ýöne gowy habarlar hem bar: ýaňy-ýakynda geçirilen metabarlag osteartrit wagtynda kesgitli berhiziň netije berýändigini tassyklady. Surreý uniwersitetiniň hünärmenleri dogry iýmitlenmegiň fiziki hereketler bilen utgaşan ýagdaýynda agyryly alamatlary we çişmäni peseldýändigini kesgitlediler.
Ilkinji nobatda şeýle adamlara ýagly balyklaryň (skumbriýa, gyzyl balyk ýa-da sardina ýaly) kabul edilmesini artdyrmak maslahat berilýär – bu balygyň düzümine girýän omega-3 çişi peseltmäge ukyply. Şeýle maksat bilen balyk ýagyny kabul etmeli. Şeýle-de, osteartritli näsaglara gandaky holesteriniň derejesini peseltmek ugrunda alada etmek gerek, şonuň üçin hünärmenler gyzyl etiň kabul edilişini peseltmegi maslahat berýärler. Mundan başga-da, kletçatkalary saklaýan galla we azyk önümlerini köp iýmeli.
Peýdaly önümleriň ýene bir topary – ir-iýmişler we gök önümler, olar antioksidantlara baý we çişi peseltmäge ukyply. Gündeki rasiona hökmany suratda käşiri, kelemi, gök önümleri, ysmanagy, seldereýi, brokkoli, gara we gyzyl miweleri, şeýle-de hozy we günebakar çigidini goşmak gerek.

düýn 14:46
3.1k+

BSGG Afrikadaky Ebola keseli sebäpli halkara derejeli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda we Ugandada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyny jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip......

16.05.2026 18:05
5.6k+

Allergolog: çybynyň çakmagyna eşigiň reňki-de sebäp bolup bilýär

Çybynlar özüne pida saýlanlarynda birnäçe biologik aýratynlyklara seredýärler. Bu mör-möjekleri adamlaryň gan topary, beden gyzgynlygy, çykarýan kömürturşy gazy we hatda geýen geýminiň reňki hem özüne çekip......

14.05.2026 16:32
1.8k+

Alymlar düwnüge garşy göreşde immun reaksiýasyny ýokarlandyrmagyň usulyny tapdylar

Hytaýly, ýewropaly we kanadaly halkara alymlar topary ýönekeý organiki birleşmäniň — sitrakon kislotasynyň — immun öýjükleriniň işjeňligini dikeldip we olaryň rak keseline garşy göreşijilik ukybyny......

13.05.2026 23:49
1.3k+

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....