Ilon Mask Cybertruck pikapy bilen tanyşdyrdy

  • 23.11.2019 04:03
  • 4.2k+

Tesla kompaniýasy 22-nji noýabrda özüniň ok geçirmeýän täze Cybertruck elektromobilini görkezdi, divip Ria Nowosti habar berýär. Agentligiň maglumatlaryna görä, täze elektromobiliň ýük göterijiligi 1,5 tonna ýetýär.
“Ol beýlekileriň hiç birine hem meňzeş däl” – kompaniýany esaslandyryjy Ilon Mask mälim edýär. Amerikan kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, Cybertruck pikapy özüniň funksionaly boýunça Ford F-150 benzinli modele meňzeş bolar.
Pikapyň ok geçirmeýjiligini SpaceX kosmiki raketalar döredilende ulanylýan ergin üpjün edýär.
Cybertruck pikapynyň ýük göterijiligi 3,5 müň funta (1,5 tonnadan gowrak) barabar, elektromobil 14 müň funt (6,4 tonna) tirkegi tirkäp bilýär. Akkumulýatoryň göwrümi, hasaplamalara görä, komplektasiýa baglylykda 250, 300 we 500 mile (takmynan, 400, 500 we 800 km) ýetýär. Şunuň bilen birlikde, elektromobiliň zarýady 110/220 wolt güýçdäki elektrik torundan öndürilmeli. Häzirki wagtda standart komplektasiýa awtopilot, awtoparkowka, şeýle-de doly herekete getiriji girýär.
Pikap üç wersiýa eýe boldy. Kiçisi mono-herekete getiriji bilen üpjün edildi we ol bir gezekki zarýadlanmada 400 km çenli ýoly geçip bilýär. Şeýle model 100km/sag çenli 6,5 sekuntda bat alýar. Ortanjy we soňky wersiýasyny doly herekete getiriji bilen üpjün etdiler. Olar “ýüzlerçä” çenli 4,5 we 2,9 sekuntda bat alýarlar. Olaryň gidiş uzaklygy 480-800 km barabar. Tesla Cybertruck pikapynyň içinde 17 dýuýmly displeý we 6 oturylýan ýer oturdylan.
Kompaniýanyň ýolbaşçysy satuwa başlanyşyň senesini atlandyrmady.
Maskyň aýtmagyna görä, hut Tesla Cybertruck Marsda ilkinji ulag bolar. Ýatlap geçsek, milliarder Gyzyl planeta uçuş 2025-nji ýyla çenli mümkin bolar diýip hasaplaýar.

düýn 14:18
2.2k+

BMW M3 Touring uniwersalynyň ilkinji görkezilişi yglan edildi — oňa “maşgala sport ulagy” diýilýär

BMW Group 2025-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Hytaýda geçiriljek BMW M Festival çäresinde täze BMW M3 Touring uniwersalyny ilkinji gezek görkezjekdigini habar berdi. Täze model M3 seriýasyna mahsus sport häsiýeti saklaýar, ýöne gündelik sürmek üçin has giň ýer we amatlylyk hödürleýär...

düýn 13:52
3.7k+

Aston Martin Floridada okeanyň kenarynda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş toplumyny gurar

Aston Martin awtoulag önümçiliginiň çäginden çykyp, iş ugruny giňeldýär — kompaniýa Florida ştatynyň Daytona Beach kenarynda ýaşaýyş toplumyny gurýar. Aston Martin Residences Daytona Beach taslamasy Valor Real Estate Development kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär we bu brendiň ugurlaryny giňeltmek strategiýasyna laýyklykda amala aşyrylýar...

düýn 11:35
1.6k+

Kia elektrokarlaryň eýeleri üçin benzin ysly awtomobil ys berijisini çykardy

Kia kompaniýasy Finlýandiýada ýerli importçy bilen bilelikde elektrik awtoulag eýelerinde içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryň aýratyn ysyna bolan küýsege esaslanyp täsin marketing kampaniýasyny başlady...

düýn 10:57
3.6k+

Tesla 60 müňden gowrak Cybertruck-y yzyna çagyrdy: faralar garşydan gelýän sürüjileriň gözüni gamaşdyrýar

Tesla kompaniýasy garşydan gelýän ulagyň sürüjisini gözüňi gamaşdyryp biljek örän ýiti öň gabara çyralary sebäpli 63 620 sany Cybertruck elektrik pikabyny yzyna çagyrýandygyny habar berdi. Bu barada ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygyny dolandyryş Milli gullugy (NHTSA) maglumat berýär...