Türkmen wekiliýeti Waşingtonda geçirilen türkmen-amerikan syýasy geňeşmelerine gatnaşdy

  • 23.11.2019 03:46
  • 1.5k+

20-nji noýabrda Waşingtonda Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti her ýyl geçirilýän türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyryna gatnaşdy, diýip ýurdumyzyň DIM-niň saýty habar berýär.
ABŞ-nyň Döwlet departamentinde geçirilen geňeşmeleriň dowamynda amerikan tarapyndan ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça orunbasarynyň işlerini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Elis Wells wekilçilik etdi.
Geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň wajyp meseleleri babatynda pikir alşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerine we häzirki ýagdaýyna seretmek üçin syýasy geňeşmeleriň işiniň netijeliligini gazanmagyň möhümdigini bellediler.
Taraplar iki döwletiň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy geljekde has-da ösdürmäge berk ygrarlydyklaryny tassykladylar.

düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.4k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......