Toyota täze Toyota RAV4 Prime krossowerini hödürledi

  • 22.11.2019 05:51
  • 4k+

Toyota kompaniýasy RAV4 krossoweriniň bäşinji nesliniň täze gibrid modifikasiýasyny çykardy. Güýçli gurluşlaryň düzümine 2,5 litrlik “atmosfernik” we iki sany elektromotor girýär. Jemi netijesi 306 at güýjüne barabar.
Ony Los-Anjelesdaky awtosalonda görkezdiler. Gibrid gurluşy kuwwatlylygy 177 at güýji bolan 2,5 litrlik standart atmosfera agregatynyň esasynda gurlan. Oňa kömek hökmünde iki sany kuwwatly elektromotor oturdylan – biri öňki tekerleriň herekete getirijisinde, ikinjisi – yzky merkezde. Ahyrynda, jemi netijesi 222-den 306 at güýjüne çenli artdy.
Duran ýerinden 60 mil/sag (96 km/sag) çenli RAV4 Prime 5,8 sekundyň içinde bat alýar. Öň gibrid krossowerine bu hereketi ýerine ýetirmek üçin 2 sekunt köp gerek bolýardy. Litiý-ion batareýiniň göwrümi heniz habar edilenok, ýöne RAV4 Prime krossoweriniň arassa elektrikde 63 kilometre çenli ýoly geçip bilýändigi belli. Benziniň ortaça sarp edilmesi 100 kilometre çenli 2,6 litr derejesinde bellenilen.
Prime kuwwatly krossowerini daş görnüşinden öňdäki bamperi we täze radiator germewi boýunça anyklamak bolýar. Toyota RAV4 Prime krossoweriniň satuwy 2020-nji ýylyň tomsunda başlanýar.
Toyota RAV4 krossoweri 2018-nji ýylyň ýazynda Nýu-Ýorkyň awtosalonynda görkezilipdi. Awtomobil TNGA-K täze platforma geçmek bilen, has berk we ýollara çydamly boldy.

düýn 14:18
2.3k+

BMW M3 Touring uniwersalynyň ilkinji görkezilişi yglan edildi — oňa “maşgala sport ulagy” diýilýär

BMW Group 2025-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Hytaýda geçiriljek BMW M Festival çäresinde täze BMW M3 Touring uniwersalyny ilkinji gezek görkezjekdigini habar berdi. Täze model M3 seriýasyna mahsus sport häsiýeti saklaýar, ýöne gündelik sürmek üçin has giň ýer we amatlylyk hödürleýär...

düýn 13:52
3.7k+

Aston Martin Floridada okeanyň kenarynda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş toplumyny gurar

Aston Martin awtoulag önümçiliginiň çäginden çykyp, iş ugruny giňeldýär — kompaniýa Florida ştatynyň Daytona Beach kenarynda ýaşaýyş toplumyny gurýar. Aston Martin Residences Daytona Beach taslamasy Valor Real Estate Development kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär we bu brendiň ugurlaryny giňeltmek strategiýasyna laýyklykda amala aşyrylýar...

düýn 11:35
1.6k+

Kia elektrokarlaryň eýeleri üçin benzin ysly awtomobil ys berijisini çykardy

Kia kompaniýasy Finlýandiýada ýerli importçy bilen bilelikde elektrik awtoulag eýelerinde içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryň aýratyn ysyna bolan küýsege esaslanyp täsin marketing kampaniýasyny başlady...

düýn 10:57
3.7k+

Tesla 60 müňden gowrak Cybertruck-y yzyna çagyrdy: faralar garşydan gelýän sürüjileriň gözüni gamaşdyrýar

Tesla kompaniýasy garşydan gelýän ulagyň sürüjisini gözüňi gamaşdyryp biljek örän ýiti öň gabara çyralary sebäpli 63 620 sany Cybertruck elektrik pikabyny yzyna çagyrýandygyny habar berdi. Bu barada ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygyny dolandyryş Milli gullugy (NHTSA) maglumat berýär...