Huawei hemmesinden üstün çykdy: sesiniň hili boýunça iň gowy smartfonlar belli edildi

  • 20.11.2019 05:56
  • 4.9k+

Iň gowusy diýip ekspertler Huawei Mate 20 X smartfonuny kabul etdiler. Hytaý enjamy 75 bal gazanmagy başardy. Geçen ýylky iPhone XS Max şondan bir bal pes gazandy. Muňa garamazdan, ol özüniň döwrebap “kowumy” iPhone 11 Pro Max-dan üç bal üstün çykdy.
DxOMark fotomümkinçiligi boýunça meşhur reýtingiň ekspertleri öňden bäri smartfonlaryň sesiniň hilini barlap başladylar. Ýaňy-ýakynda bolsa olar birnäçe täze testleriň netijeleri bilen paýlaşdylar. Ekspertler Huawei Mate 20 X smartfonuny iň gowusy diýip hasapladylar.
Reýtingiň dördünji setirini eýelän Samsung Galaxy Note 10+ bolsa bäş bal tapawut bilen Pro Max-dan utuldy. Koreý smartfonunyň hasabynda 66 utuk bar. Ondan soň 65 bal bilen Samsung Galaxy S10+ gelýär.
Bahasy boýunça elýeterli bolan Honor 20 Pro ses meýilnamasynda liderden gaty yza galýar – 53 bal. Reýtingi testde 45 bal gazanmagy başaran Sony Xperia 1 modeli jemleýär.

düýn 23:26
596

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......