Ýaponiýada dik basgançaga münüp bilýän robotlary döretdiler

  • 20.11.2019 05:34
  • 2.2k+

Tokio uniwersitetiniň ýapon barlagçylary keseligine ýüzleý ýöräp bilýän we dik basgançaga çykyp bilýän dört aýakly roboty döretdiler.
Ýöreýän robotlar adatça ýokary päsgelçiliklerden baş çykarmaga ukyply bolmaýarlar, şeýle-de bolsa kadadan çykmalar hem hereket edýär. Hatda olar hem dik däl-de, diňe ýapgyt basgançaklara münüp bilýärler. Haçan-da robot dik basgançaga münen wagtynda, onuň agyr merkezi beter yzlygyna gaýdýar we ol gaňyrçaksyz ýa-da saklanmaga kömek edýän beýleki mehanizmlersiz saklanyp bilmeýär, N+1 IEEE Spectrum portaly ýazýar.
Ýapon inženerleri dört aýakly roboty oňa ýörän wagtynda päsgel bermeýän, ýöne dik basgançaga münmäge we ýokarlygyna ýoluny dowam etmäge mümkinçilik berýän ýönekeý ýapyşmalar bilen üpjün edipdirler. Robot hersinde bäş derejeli erkinlik bolan aýaklarynyň ýeterlik ýagdaýda kyn gurluşyna eýe bolan. Aýaklarynyň gutarýan ýerinde güýç we galtaşma datçigi, şeýle-de basgançaklaryň tutalgalaryndan ýapyşmaga mümkinçilik berýän ilgiç ýerleşýär.
Nawigasiýa üçin robotyň arkasynda iki sany lazer uzaklygy ölçeýjiler we kellesinde dört kamera oturdylan. Datçigiň iki görnüşi hem şöhleleri ibermek bilen we serpikdirilen şöhläniň yzyna gaýtmagy arkaly wagty ölçemek bilen gönüden-göni dürli obýektlere çenli aralygy ölçeýärler. Dürli datçiklerden alnan maglumatlar nokatlaryň bir bitewi “buludyna” birigýär, maşyn biliminiň algoritmleri bolsa basgançaklaryň tutalgalaryny özbaşdak aňşyrýarlar we tutmak üçin amatly nokatlary ölçerýärler.
Robotyň algoritmi köptaraply däl we olara her bir basgançak üçin aýratyn öwretmeli bolýar, ýöne geljekde awtorlar bu ýetmezçiligi düzetmegi göz öňünde tutýarlar. Robot diýseň haýal hereket edýär, şol sebäpli bu soragy hem çözmek gerek.
Eger-de ähli zatlar başa barsa, ýokarlygyna islendik görnüşde herket edip bilýän täze robotlar dörär. Olary dürli maksatlar bilen ulanmak bolýar – ýerlerde gözleg geçirme, ýertitremelerde ýa-da başga kataklizmalarda ejir çekenleriň, adamlaryň gözlegi, senagat obýektleriniň öwrenilmegi we ş.m.
Dört aýakly robotlar – häzirki wagtda meşhur trend. Şeýle gurluşlaryň ilkinjilerini Boston Dynamics işläp başlapdy.

düýn 23:26
596

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......