Strategik hyzmatdaşlygy giňeltmek — Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň üns merkezinde

  • 17.11.2019 22:14
  • 1.8k+

Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň baştutanlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, energetika we ulag howpsuzlygy, maýa goýum ýagdaýynyň kämilleşdirilmegi, ekologiýany gorap saklamak ýaly halkara gün tertibiniň möhüm ugurlarynyň üstünde hem durlup geçildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Taraplar sebitde ykdysady ösüşi, durnuklylygy we howpsuzlygy saklamak üçin strategiki hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiligine seredip geçdiler. Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň geljekki maslahatyna taýýarlyk görmek meselelerini aýratyn nygtadylar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri öz çykyşynyň dowamynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgeleri bilen esaslandyrylan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň utgaşdyrylan hyzmatdaşlygynyň möhümdigini hem-de bu sebitiň geosyýasy, ykdysady we ulag-logistiki mümkinçilikleriniň ähmiýetini belledi.
Şeýle-de taraplar gönüden-göni tutuş Ýewraziýa yklymynyň ösüşine täsir edýän, sebitiň hemmetaraplaýyn kämilleşdirilmegine gönükdirilen bilelikdäki alyp barýan işlerini dowam etmek barada ylalaşdylar.

düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.4k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......