ABŞ-da VW Group elektrokarlaryň kärhanasynyň gurluşygy başlandy

  • 16.11.2019 00:04
  • 2.7k+

Hereket edýän kuwwatlyklaryň gapdalyndan kuzow sehi (meýdany 5,2 ga) we batareýleri gurnama boýunça toplum (1,8 ga) salnar. “Elektrokarlar – bu geljekki ykjamlylyk, Volkswagen hem olary diňe bir millionerlere däl-de, millionlar üçin gurar” – VW Group of America kompaniýasynyň prezidenti Skott Kio mälim etdi.
2022-nji ýylda Folkswagen elektromobilleri üçin demirgazyk amerikan gurnama bazasy bolup Tennessi ştatynyň Çattanuga şäherindäki meýdança hyzmat eder. Ol ýerde eýýäm Atlas krossowerini (onuň bäşorunlyk Cross Sport wersiýasyndan başlap) we Passat sedanyny çykarýan kärhana hereket edýär. MEB batareý modeli hem olar bilen bir konweýerde ýerleşer, ýöne kärhanany giňeltmek gerek bolup durýar, bu bolsa $800 mln-a düşer we 1000-e golaý iş ýerlerini döreder.
Üç ýyldan soň Çattanugadan ilkinji elektrokar ID.Crozz konseptiniň seriýaly wersiýasy bolar (ähtimal, ol ID.4 adyny alar). Mundan öň 2020-nji ýylda nemesler krossoweriň Germaniýada öndürilişini ýola goýarlar.
2022-nji ýyla çenli Volkswagen özüniň elektromobilleri üçin üç sany esasy baza döreder. Ýewropada bu Swikkaudaky, Emdendäki we Gannowerdäki nemes kärhanalary bolar, Hytaýda – Antine we Foşane meýdançalary, Demirgazyk Amerikada bolsa diňe Tennessidäki ýeke kärhana bolar. Batareýler üçin komponentleri üpjün etme işi bilen Çattanugadaky Jorjiniň demirgazyk-gündogarynda gurulýan $1,67 mlrd bahaly kärhana bolan SK Innovation koreý kompaniýasy meşgul bolar.

düýn 14:18
2.2k+

BMW M3 Touring uniwersalynyň ilkinji görkezilişi yglan edildi — oňa “maşgala sport ulagy” diýilýär

BMW Group 2025-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Hytaýda geçiriljek BMW M Festival çäresinde täze BMW M3 Touring uniwersalyny ilkinji gezek görkezjekdigini habar berdi. Täze model M3 seriýasyna mahsus sport häsiýeti saklaýar, ýöne gündelik sürmek üçin has giň ýer we amatlylyk hödürleýär...

düýn 13:52
3.7k+

Aston Martin Floridada okeanyň kenarynda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş toplumyny gurar

Aston Martin awtoulag önümçiliginiň çäginden çykyp, iş ugruny giňeldýär — kompaniýa Florida ştatynyň Daytona Beach kenarynda ýaşaýyş toplumyny gurýar. Aston Martin Residences Daytona Beach taslamasy Valor Real Estate Development kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär we bu brendiň ugurlaryny giňeltmek strategiýasyna laýyklykda amala aşyrylýar...

düýn 11:35
1.6k+

Kia elektrokarlaryň eýeleri üçin benzin ysly awtomobil ys berijisini çykardy

Kia kompaniýasy Finlýandiýada ýerli importçy bilen bilelikde elektrik awtoulag eýelerinde içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryň aýratyn ysyna bolan küýsege esaslanyp täsin marketing kampaniýasyny başlady...

düýn 10:57
3.6k+

Tesla 60 müňden gowrak Cybertruck-y yzyna çagyrdy: faralar garşydan gelýän sürüjileriň gözüni gamaşdyrýar

Tesla kompaniýasy garşydan gelýän ulagyň sürüjisini gözüňi gamaşdyryp biljek örän ýiti öň gabara çyralary sebäpli 63 620 sany Cybertruck elektrik pikabyny yzyna çagyrýandygyny habar berdi. Bu barada ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygyny dolandyryş Milli gullugy (NHTSA) maglumat berýär...