Türkmenistanyň Prezidenti Kataryň täze bellenen ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

  • 15.11.2019 06:29
  • 1.4k+

14-nji noýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Türkmenistandaky täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mubarak Abdurahman Mubarak Al-Nasry kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri we dostlukly ýurduň ilçisi özara peýdaly söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Dürli ugurlardaky netijeli işewür gatnaşyklarynyň ösdürilýändigi barada aýdyldy. Tutuş dünýäde durnukly ösüşiň möhüm şertini emele getirýän nebitgaz pudagy we ulag ulgamy döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Katar ykrar edilen energetika döwletleri we tebigy gazy eksport edýän öňdebaryjy ýurtlar bolmak bilen, bu wajyp ugurdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýärler. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini şertlendirýän ulag-üstaşyr ugurlarynyň halkara düzümlerini kemala getirmek boýunça taslamalaryň wajyp ähmiýete eýedigi bellenildi.
Şeýle-de, söwda, maýa goýum, senagat we tehnologiýa pudaklarynda uzakmöhletleýin esasdaky netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegini, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara alyp, onuň ugurlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny üpjün edýän Hökümetara türkmen-katar toparynyň işine möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy.

düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.4k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......