Volkswagen ID 3 elektrokaryň seriýaly öndürilişini işe girizdi

  • 08.11.2019 05:35
  • 1.7k+

ID.3 nemesleriň täze MEB platformasynda gurlan ilkinji tapgyrlaýyn elektrokary boldy.
Hetçbekleriň ilkinji toplumy noýabrda Swikkau kärhanasynda çykarylar. Awtomobiller satuwa 2020-nji ýylyň ortalarynda girişerler, nemes brendiniň press-gullugy habar berýär. Müşderileriň eýýäm 35 000-den gowrak elektrokarlary öňünden belläp goýandyklaryny hem belläp geçmek gerek.
Awtomobil barada umuman aýdylanda, elektrokar ululygy boýunça “Golf” bilen deňleşer. Bäş gapyly hetçbek tekiz batareýleri ulanar, ol awtomobiliň polunyň aşagynda ýerleşýär. Ol awtomobiliň içki giňişligini artdyrmak üçin edilen.
Tehniki häsiýetleri barada aýdylanda, elektrokar müşderilere üç wersiýada hödürleniler: zarýadlamasyz degişlilikde 330, 420 we 550 km geçmäge mümkinçilik berýän 45, 58 we 77 kWt/sag akkumulýatorly. Elektromotoryň kuwwatlylygy 150 we 204 at güýüne barabar. Ulagyň esasy wersiýasynyň tizligi sagatda 160 km-e barabar.
Belläp geçsek, ýaňy-ýakynda Volkswagen nawigatorlar üçin kwant kompýuterini hem döretdi. Konsern kwant hasaplamalarynda döredilen nawigatorlaryň testleşdirmesine başlady. Eksperiment Lissabonda Web Summit tehnologiki konferensiýa wagtynda geçiriler.
Adaty nawigasion ulgamlar şeýle prinsip boýunça işleýärler: olar has işjeň ýollary tapyp, anyk ýerde ýerleşýän ähli sürüjileri şondan ugrukdyrýarlar. Kwant mehanizmi biraz başgaçarak işleýär – ol ulanyjylar üçin ýoluň personifikasiýalaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Ýagny, ol her bir sürüji üçin indiwidual ýoly görkezmeli. Beýle usul ýol ulgamlaryna oňaýly täsir etmäge we ýol dyknyşyklarynyň döremeginden gaçmaga mümkinçilik berer.
Eksperimentiň çäklerinde täze ulgamy dokuz sany jemgyýetçilik transportunyň ýerli operatorlarynyň awtobuslarynda synap görerler. Olar Kanadanyň D-Wave Systems kompaniýasynyň kwant kompýuterleri bilen baglanyşykly bolar. Transport Web Summit konferensiýasynyň geçiriljek ýerini şäheriň dürli bölekleri bilen baglanyşdyrýan dört ugur boýunça gatnadylar.

düýn 14:18
2.3k+

BMW M3 Touring uniwersalynyň ilkinji görkezilişi yglan edildi — oňa “maşgala sport ulagy” diýilýär

BMW Group 2025-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Hytaýda geçiriljek BMW M Festival çäresinde täze BMW M3 Touring uniwersalyny ilkinji gezek görkezjekdigini habar berdi. Täze model M3 seriýasyna mahsus sport häsiýeti saklaýar, ýöne gündelik sürmek üçin has giň ýer we amatlylyk hödürleýär...

düýn 13:52
3.9k+

Aston Martin Floridada okeanyň kenarynda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş toplumyny gurar

Aston Martin awtoulag önümçiliginiň çäginden çykyp, iş ugruny giňeldýär — kompaniýa Florida ştatynyň Daytona Beach kenarynda ýaşaýyş toplumyny gurýar. Aston Martin Residences Daytona Beach taslamasy Valor Real Estate Development kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär we bu brendiň ugurlaryny giňeltmek strategiýasyna laýyklykda amala aşyrylýar...

düýn 11:35
1.7k+

Kia elektrokarlaryň eýeleri üçin benzin ysly awtomobil ys berijisini çykardy

Kia kompaniýasy Finlýandiýada ýerli importçy bilen bilelikde elektrik awtoulag eýelerinde içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryň aýratyn ysyna bolan küýsege esaslanyp täsin marketing kampaniýasyny başlady...

düýn 10:57
3.7k+

Tesla 60 müňden gowrak Cybertruck-y yzyna çagyrdy: faralar garşydan gelýän sürüjileriň gözüni gamaşdyrýar

Tesla kompaniýasy garşydan gelýän ulagyň sürüjisini gözüňi gamaşdyryp biljek örän ýiti öň gabara çyralary sebäpli 63 620 sany Cybertruck elektrik pikabyny yzyna çagyrýandygyny habar berdi. Bu barada ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygyny dolandyryş Milli gullugy (NHTSA) maglumat berýär...