Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatdaky gurluşyk meýdançalaryna baryp gördi

  • 07.11.2019 06:22
  • 4.6k+

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda alnyp barylýan iri gurluşyklaryň, birnäçe desgalaryň, ýurdumyzyň baş şäheriniň durmuş düzümini ösdürmek, abadanlaşdyrmak boýunça maksatnamanyň iş ýüzünde ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutany ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň gurluşygynyň barýan ýerine geldi.
Türkmen Lideri ilki bilen bu ýerde bina edilýän desgalaryň daşky bezeg işleri, olary taýýarlamagyň aýratynlyklary we binalaryň bezeginde ulanylýan serişdeler hem-de reňk özboluşlylygy bilen gyzyklandy.
Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygynyň orunbasary D.Hudaýberdiýew paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde bina edilýän desgalar, olaryň gurluş we daşky bezeg aýratynlyklary barada gürüň berdiler.
Bellenilişi ýaly, bu taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde Magtymguly şaýolunyň ugrunda birnäçe durmuş maksatly binalar gurulýar. Gurluşygyň baş meýilnamasyna laýyklykda, şäheriň Taslama we Tähran köçeleriniň aralygynda 12 gatly 72 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 10-sy, 12 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň bolsa altysy gurulýar.
Şäheriň bu künjeginde bina edilýän desgalaryň gurluşygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kabul eden Kararyna laýyklykda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanyldy. Munuň özi türkmen telekeçileriniň häzirki zaman gurluşyklaryna işjeň gatnaşýandyklarynyň, has batyrgaý taslamalary ýerine ýetirmäge ukyplydyklarynyň aýdyň subutnamasydyr.

düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.4k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......