Hytaýda dünýäde iň uly 5G-ulgamy işe girizildi

  • 03.11.2019 15:21
  • 3.4k+

Üç sany hytaý döwlet operatory 31-nji oktýabrda 5G ulgamyny işe girizdiler. Bu barada Bloomberg habar berýär. 
Birinji tapgyrda, takmynan, 10 mln adam hasaba alyndy. Hytaý üçin elbetde, görkeziji kän uly däl, ýöne hut şol görkeziji HHR-däki 5G-ulgamyny dünýäde iň meşhur ulgama öwürýär.  Iň ýakyn möçber Günorta Koreýada, ýagny awgust aýynda ol ýerde 5G ulgamda işleýän iki million enjam barada hasabat berildi.
Häzir Bloombergiň maglumatlary boýunça hyzmat Pekinden, Şanhaýdan we Şençženden başlap, Hytaýyň 50 şäherinde hödürlenilýär.  Ýöne bu karta Chine Mobile kompaniýasy boýunça şeýle. 5G-ulgamyny işe girizen China Telecom we Chine Unicom Hong Kong-yň nirelerde ýaýrandygy heniz belli däl.
Häzirki wagtda tarifleriň bahasy aýda 128 ýuandan (takmynan, $18) 599 ýuana çenli ($85 töweregi) bellenilýär. Bahalar trafikleriň göwrümine görä bolýar. 
Ýylyň ahyryna çenli 5G ulgamyň stansiýalarynyň sanyny 130 müňe çenli artdyrmak meýilleşdirilýär. Sentýabryň ahyrynda olar 80 müň töweregidi. Inwestirlemäniň jemi ýylyň ahyryna çenli, takmynan, 302 mlrd ýuana ýeter ($42,89 mlrd-dan gowrak). 
Şeýle ähmiýetli ösüş Huawei kompaniýasyna iberilen amerikan sanksiýasy tarapyndan şertlendirilen. Ondan öň bäşinji nesliň ulgamy HHR-de 2020-nji ýyldan ir işe girizilmez diýlip çaklanylýardy. Muňa garamazdan, sanksiýa Huawei kompaniýasynyň çözgütleri esasynda gurnalan 5G ulgamynyň ýaýradylmagyna operatorlary gyssadylar.

düýn 23:26
596

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......