Dietolog kädiniň peýdasy barada gürrüň berdi

  • 02.11.2019 05:21
  • 8.2k+

Siz heniz öz rasionyňyza kädini goşmadyňyzmy? Ähtimal, häzir ony etmegiň tüýs wagtydyr.
Kädiniň tagamynyň her kime ýarap barmaýandygy gizlin zat däl. Muňa garamazdan, kädi örän peýdaly.
Moskwanyň saglygy goraýyş ministrliginiň baş dietology Antonina Starodubowanyň aýtmagyna görä, kädiniň düzüminde iýmit-siňdiriş organlarynyň işini kadalaşdyrýan we ýag çalşygyny çaltlandyrýan pektinleriň köp mukdary saklanylýar. Şeýle-de onda kaliý, magniý, fosfor, demir, sink, marganes, W witamin toparlary, C witaminleri, RR (nikotin kislotasy) we K köp.
Eger bular ýeterlik bolmasa, onda kädiniň çigitlerine hem üns beriň. Olar suwuk ýag kislotalaryna, ösümlik beloklaryna we E witaminine baý. Olaryň düzüminde holesteriniň derejesini sazlaýan fitosterollar hem saklanylýar.
Laýfhak – kädi çigitlerini çorba ýa-da işdäaçara goşmak. Olary gowurmak hem bolýar, ýöne şeýle ýagdaýda olar peýdaly häsiýetleriniň bir bölegini ýitirýärler.
Ýatdan çykarmaň, kädi çigidi örän kaloriýalydyr: 100 gram 520 kaloriýa saklaýar, şonuň üçin olary artykmaç peýdalanmak hökman däl – gündeki norma 30 gramdan köp bolmaly däl.
Kädiniň etini bolsa doňdurmak hem bolýar – bu onuň peýdaly häsiýetlerine hiç hili täsir etmeýär. Kädini bugda we grilde taýýarlasaň, bişirseň we gaýnatsaň hem bolýar – esasy zat öz tagamyňy tapmak.

düýn 14:46
3.1k+

BSGG Afrikadaky Ebola keseli sebäpli halkara derejeli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda we Ugandada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyny jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip......

16.05.2026 18:05
5.6k+

Allergolog: çybynyň çakmagyna eşigiň reňki-de sebäp bolup bilýär

Çybynlar özüne pida saýlanlarynda birnäçe biologik aýratynlyklara seredýärler. Bu mör-möjekleri adamlaryň gan topary, beden gyzgynlygy, çykarýan kömürturşy gazy we hatda geýen geýminiň reňki hem özüne çekip......

14.05.2026 16:32
1.8k+

Alymlar düwnüge garşy göreşde immun reaksiýasyny ýokarlandyrmagyň usulyny tapdylar

Hytaýly, ýewropaly we kanadaly halkara alymlar topary ýönekeý organiki birleşmäniň — sitrakon kislotasynyň — immun öýjükleriniň işjeňligini dikeldip we olaryň rak keseline garşy göreşijilik ukybyny......

13.05.2026 23:49
1.3k+

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....