Uly displeýli eplenilýän TCL smartfonunyň taslamasy

  • 30.10.2019 06:19
  • 5.1k+

TCL hytaý kompaniýasy eplenilýän smartfonuň gyzykly konseptini görkezdi: onda ýeke bir şarnir däl-de, iki şarnir bar. Açylan görnüşde smartfon 10 dýuýmly uly planşeda öwrülýär. Bir ýönesi bar — bu diňe konsept.
Smartfonuň iki şarniri bar: birinjisi Samsung Galaxy Fold ýaly eplenilýär, ikinjisi bolsa Huawei Mate X ýaly ýazylýar. Açylan görnüşde bu gurluş 10 dýuýmly planşeda öwrülýär. Dogrusy, ulanyş amatlylygy enrek soragda dur: iki sany egrem, olar bolsa ünsüňi sowýarlar.
Bu örän geň görünýär: üç smartfondan ybarat “buterbrod”, eliňde bolsa tagaşyksyz görünýär. Bir ekrandan peýdalanmak hem nähili derejede amatly bolar – belli däl.
Hiç hili bahasy, öndürilişe başlanjak wagty, iş prototipi görkezilmedik. Belki, ahyrky dizaýny düýbünden başgaça bolar we biziň hemmämiz şeýle smartfony ulanmak isläris.
Ýene bir eplenilýän, ýöne “raskladuşka” formatdaky smartfona seredip geçmek gyzykly. Aýdyşlaryna görä, täze Motorola RAZR şeýle bolar, onuň tanyşdyrylyş dabarasy 13-nji noýabrda geçer.

düýn 23:52
1.9k+

Bolmaz, bolsa-da arzan bolmaz: Maskyň million robotly arzuwy paşmajaga meňzeýär

Tesla kompaniýasy ýylda bir milliona çenli adam şekilli Optimus robotlaryny göni Frimontdaky zawodynda işläp düzmegi meýilleşdirýärdi. Emma robotyň tas ähli zerur şaýlarynyň Hytaýda öndürilýändigi bu süýji arzuwy, näler islemese-de, ony ajy hakykatyň ýüzüne bakmaga mejbur etdi...

düýn 20:37
879

Pepper seriýalaýyn öndürilen adam şekilli ilkinji robot hökmünde rekordlar kitabyna girdi

Janly gatnaşyk arkaly adamlar bilen özara täsirleşmek maksatly işlenip düzülen Pepper özüniň döredilen wagtyndan – 2014-nji ýylyň 5-nji iýunyndan bäri  söwda merkezleri, mekdepler, garrylar öýleri ýaly  dürli jemgyýetçilik ýerlerinde ulanylyp ýör...

düýn 13:45
1.9k+

Apple ABŞ-nyň smartfon bazarynyň 69%-ini eýeledi, Samsung-yň paýy 13%-e çenli azaldy

2025-nji ýylyň IV çärýeginiň jemi boýunça Apple kompaniýasy ABŞ-nyň smartfon bazarynyň 69%-ini eýeläp, taryhy ýokary görkezijä ýetdi. Bu barada Counterpoint analitiki kompaniýasy habar berýär. Bazaryň ýyllyk hasabynda 1% ösen döwründe kompaniýa geçen ýylky 65% görkezijisini ep-esli ýokarlandyrmagy başardy...

düýn 10:23
1k+

Google Maps kartasynda ýoly indi Gemini gürläp salgy bermegi başarýar

Google Maps goşundysy täze funksiýany hödürläp başlady. Indi pyýada ýörişlerde ýa-da welosiped sürlende telefona eliňi ýetirmezden, ýol hakda Gemini emeli aň kömekçisiniň üsti bilen dilden salgy alyp bolýar. Bu täzelik geçen ýylyň noýabr aýyndan bäri diňe awtomobil saparlary üçin elýeterli bolan gürleşýän nawigasiýa funksionalyny has-da giňeltdi...