6G üçin eýýäm logotip taýýar

  • 28.10.2019 23:35
  • 5k+

Şu ýylda 5G ulgamlary dürli sebitlerde özleriniň ilkinji ädimlerini amala aşyrýarlar. Köp ýurtlarda bäşinji ulgamyň ykjam aragatnaşyklary birnäçe ýyldan soň öser, muňa garamazdan 6G-niň üstünde başlangyç işler alnyp barylýar – Gizchina habar berýär.
Geljek ýylda 5G örän çalt depgin bilen ösüp başlar, şonuň bilen birlikde, ulgam 2025-nji ýyla çenli özüniň ýokary derejesine ýetmeli. Belli hytaý kompaniýasy Vivo 6G bilen baglanyşykly patent berdi.
Onda indiki ulgamyň ykjam torlarynyň işiniň tehniki taraplary suratlandyrylmaýar. Gürrüň 6G ulgamyň logotipiniň dizaýnyna niýetlenilen, EC intellektual emläk boýunça Wedomstda registrirlenen patent barada gidýär.
6G ulgamyň çykmagyna 2030-njy ýylda garaşylýandygyna garamazdan, Vivo logotipiň hususy wersiýasyny patentlemek kararyna geldi, çünki täze standart girizilen mahalynda ony saýlamaklary mümkin.
Huawei kompaniýasynyň habar bermegine görä, 6G tehnologiýasyny işläp düzmek üçin 10 ýyl gerek bolar.

düýn 23:52
1.9k+

Bolmaz, bolsa-da arzan bolmaz: Maskyň million robotly arzuwy paşmajaga meňzeýär

Tesla kompaniýasy ýylda bir milliona çenli adam şekilli Optimus robotlaryny göni Frimontdaky zawodynda işläp düzmegi meýilleşdirýärdi. Emma robotyň tas ähli zerur şaýlarynyň Hytaýda öndürilýändigi bu süýji arzuwy, näler islemese-de, ony ajy hakykatyň ýüzüne bakmaga mejbur etdi...

düýn 20:37
879

Pepper seriýalaýyn öndürilen adam şekilli ilkinji robot hökmünde rekordlar kitabyna girdi

Janly gatnaşyk arkaly adamlar bilen özara täsirleşmek maksatly işlenip düzülen Pepper özüniň döredilen wagtyndan – 2014-nji ýylyň 5-nji iýunyndan bäri  söwda merkezleri, mekdepler, garrylar öýleri ýaly  dürli jemgyýetçilik ýerlerinde ulanylyp ýör...

düýn 13:45
1.9k+

Apple ABŞ-nyň smartfon bazarynyň 69%-ini eýeledi, Samsung-yň paýy 13%-e çenli azaldy

2025-nji ýylyň IV çärýeginiň jemi boýunça Apple kompaniýasy ABŞ-nyň smartfon bazarynyň 69%-ini eýeläp, taryhy ýokary görkezijä ýetdi. Bu barada Counterpoint analitiki kompaniýasy habar berýär. Bazaryň ýyllyk hasabynda 1% ösen döwründe kompaniýa geçen ýylky 65% görkezijisini ep-esli ýokarlandyrmagy başardy...

düýn 10:23
1k+

Google Maps kartasynda ýoly indi Gemini gürläp salgy bermegi başarýar

Google Maps goşundysy täze funksiýany hödürläp başlady. Indi pyýada ýörişlerde ýa-da welosiped sürlende telefona eliňi ýetirmezden, ýol hakda Gemini emeli aň kömekçisiniň üsti bilen dilden salgy alyp bolýar. Bu täzelik geçen ýylyň noýabr aýyndan bäri diňe awtomobil saparlary üçin elýeterli bolan gürleşýän nawigasiýa funksionalyny has-da giňeltdi...