Sony kompaniýasy Xperia 1 smartfonunyň «professional» wersiýasyny hödürledi

  • 27.10.2019 22:01
  • 3.8k+

Sony kompaniýasy Ýaponiýada “adaty” wersiýasy bilen deňeşdirilende birneme kämilleşen Xperia 1 Professional Edition smartfony bilen tanyşdyrdy. Ekran üýtgedilmedik – bu 4K formatdaky we taraplary 21:9 gatnaşykdaky 6,5 dýuýmlyk OLED-displeý, şeýle-de CinemaWide tehnologiýaly. Täze görnüşinde Xperia 1 10 bit signala eýe we has gowy kalibrlenen.
Şeýle-de, Sony kamerasyndan fotosuratlary we wideolary smartfona simsiz geçirmek üçin programma döredildi, suratlara tegleri we sesli belgileri goýmak bolýar. Ýene bir esasy alamat – Type-C kabeli arkaly Ethernetiň, ýagny lokal torunyň bolmagy.
«Professional» wersiýasy iş stolunyň landşaft şöhlelenmesine eýe boldy (Xperia 1 hem geljekde şeýle alamata eýe bolmagy ahmal).
Prosessor hem üýtgemedi – Snapdragon 855, operatiw ýadyň göwrümi-de üýtgewsiz – 6GB, batareýiň göwrümi – 3330 mA/sag.

düýn 23:52
2.1k+

Bolmaz, bolsa-da arzan bolmaz: Maskyň million robotly arzuwy paşmajaga meňzeýär

Tesla kompaniýasy ýylda bir milliona çenli adam şekilli Optimus robotlaryny göni Frimontdaky zawodynda işläp düzmegi meýilleşdirýärdi. Emma robotyň tas ähli zerur şaýlarynyň Hytaýda öndürilýändigi bu süýji arzuwy, näler islemese-de, ony ajy hakykatyň ýüzüne bakmaga mejbur etdi...

düýn 20:37
879

Pepper seriýalaýyn öndürilen adam şekilli ilkinji robot hökmünde rekordlar kitabyna girdi

Janly gatnaşyk arkaly adamlar bilen özara täsirleşmek maksatly işlenip düzülen Pepper özüniň döredilen wagtyndan – 2014-nji ýylyň 5-nji iýunyndan bäri  söwda merkezleri, mekdepler, garrylar öýleri ýaly  dürli jemgyýetçilik ýerlerinde ulanylyp ýör...

düýn 13:45
1.9k+

Apple ABŞ-nyň smartfon bazarynyň 69%-ini eýeledi, Samsung-yň paýy 13%-e çenli azaldy

2025-nji ýylyň IV çärýeginiň jemi boýunça Apple kompaniýasy ABŞ-nyň smartfon bazarynyň 69%-ini eýeläp, taryhy ýokary görkezijä ýetdi. Bu barada Counterpoint analitiki kompaniýasy habar berýär. Bazaryň ýyllyk hasabynda 1% ösen döwründe kompaniýa geçen ýylky 65% görkezijisini ep-esli ýokarlandyrmagy başardy...

düýn 10:23
1k+

Google Maps kartasynda ýoly indi Gemini gürläp salgy bermegi başarýar

Google Maps goşundysy täze funksiýany hödürläp başlady. Indi pyýada ýörişlerde ýa-da welosiped sürlende telefona eliňi ýetirmezden, ýol hakda Gemini emeli aň kömekçisiniň üsti bilen dilden salgy alyp bolýar. Bu täzelik geçen ýylyň noýabr aýyndan bäri diňe awtomobil saparlary üçin elýeterli bolan gürleşýän nawigasiýa funksionalyny has-da giňeltdi...