Iň kuwwatly smartfonlaryň reýtingi düzüldi

  • 26.10.2019 06:50
  • 8.4k+

Master Lu testiniň komandasy döwrebap smartfonlary barlamak arkaly iň kuwwatly smartfonlaryň reýtingini düzdi. Reýting MyDrivers portalynda neşir edildi.
Birinji we ikinji orny Snapdragon 855 Plus prosessorly smartfonlar eýeledi, ýagny birinji – Nubian Red Devil 3S, ondan aşakdaky setirde Black Shark Game 2 Pro ýerleşdi. Üçünji orun Kirin 990 prosessorly Huawei Mate30 Pro smartfonuna degişli edildi.
Serwisiň hünärmenleri smartfon öndürijilerdäki häzirki prosessorlaryň barha meşhur bolýandygyny belläp geçdiler. Şol sebäpli kuwwatly smartfonlaryň reýtingi täze modelleriň ýüze çykmagy bilen ýene-de täzelener. Şeýle-de 5G tehnologiýalaryna eýe bolan telefonlaryň çykmagyna garaşylýar. Olar kuwwatlylygy boýunça agzalyp geçilen gajetlara hakykatdanam bäsdeş bolup bilerler.

düýn 23:52
1.9k+

Bolmaz, bolsa-da arzan bolmaz: Maskyň million robotly arzuwy paşmajaga meňzeýär

Tesla kompaniýasy ýylda bir milliona çenli adam şekilli Optimus robotlaryny göni Frimontdaky zawodynda işläp düzmegi meýilleşdirýärdi. Emma robotyň tas ähli zerur şaýlarynyň Hytaýda öndürilýändigi bu süýji arzuwy, näler islemese-de, ony ajy hakykatyň ýüzüne bakmaga mejbur etdi...

düýn 20:37
879

Pepper seriýalaýyn öndürilen adam şekilli ilkinji robot hökmünde rekordlar kitabyna girdi

Janly gatnaşyk arkaly adamlar bilen özara täsirleşmek maksatly işlenip düzülen Pepper özüniň döredilen wagtyndan – 2014-nji ýylyň 5-nji iýunyndan bäri  söwda merkezleri, mekdepler, garrylar öýleri ýaly  dürli jemgyýetçilik ýerlerinde ulanylyp ýör...

düýn 13:45
1.9k+

Apple ABŞ-nyň smartfon bazarynyň 69%-ini eýeledi, Samsung-yň paýy 13%-e çenli azaldy

2025-nji ýylyň IV çärýeginiň jemi boýunça Apple kompaniýasy ABŞ-nyň smartfon bazarynyň 69%-ini eýeläp, taryhy ýokary görkezijä ýetdi. Bu barada Counterpoint analitiki kompaniýasy habar berýär. Bazaryň ýyllyk hasabynda 1% ösen döwründe kompaniýa geçen ýylky 65% görkezijisini ep-esli ýokarlandyrmagy başardy...

düýn 10:23
1k+

Google Maps kartasynda ýoly indi Gemini gürläp salgy bermegi başarýar

Google Maps goşundysy täze funksiýany hödürläp başlady. Indi pyýada ýörişlerde ýa-da welosiped sürlende telefona eliňi ýetirmezden, ýol hakda Gemini emeli aň kömekçisiniň üsti bilen dilden salgy alyp bolýar. Bu täzelik geçen ýylyň noýabr aýyndan bäri diňe awtomobil saparlary üçin elýeterli bolan gürleşýän nawigasiýa funksionalyny has-da giňeltdi...