Gizlin kameraly smartfon

  • 24.10.2019 17:23
  • 9.3k+

Displeýiň işjeň ýerinde ýerleşdirilen ilkinji frontal kameraly smartfonlar bazarlarda bir ýyl töweregi öň ýüze çykdy. ZTE kompaniýasy frontal kamerany ekranyň ýokarsynda ýerleşdirmän, ony dolulygyna gizlemäge mümkinçilik berýän täze bir üýtgeşik dizaýny patentledi.
Kompaniýa tarapyndan intellektual emlägiň Bütindünýä edarasyna 2019-njy ýylyň aprelinde berlen patent ýaňy-ýakynda çap edildi. “Displeý, kameranyň gurluşy, smartfon we ekrany taýýarlamagyň usuly” patentinde örän kiçi frontal kameraly telefon suratlandyrylýar.
Şol bir wagtyň özünde diňe bir frontal kameranyň ýerleşýän ýeriniň ölçegi däl-de, eýsem, onuň ýerleşýän ýeri hem möhümdir. Köp smartfonlarda bolşy ýaly, kamerany ekranyň ortasynda ýa-da burçda ýerleşdirmegiň deregine ZTE kompaniýasy kamerany telefon setiniň we ekranyň ýokary sag tarapyndaky zarýad görkeziji belgileriň arasynda ýerleşdirmegi makul bilipdir.
Ýagny, kamera üçin resmi goýulan ýer burçda ýerleşdiriler, ol beýleki smartfonlaryňka garanyňda has kiçi bolar, her tarapyndaky belgiler bolsa kameranyň ýerleşýän ýerini aýdyň görkezip durar.
LetsGoDigital patentiň suratlandyrmasynyň esasynda bize dizaýn barada düşünje bermek üçin renderleri döretdi, ýöne ahyrky önüm, elbetde, tapawutlanyp biler.
Suratlandyrmada smartfonyň adaty dinamikasynyň bolmajakdygy barada aýdylýar. Bu gurluşda Sound-on-Display ekranyň wibrasiýasy boýunça sesi iberýän tehnologiýa ulanylar, öň bu tehnologiýa LG G8 ThinQ we Samsung Galaxy A80 ýaly smartfonlarda ulanylypdy.

düýn 23:52
1.9k+

Bolmaz, bolsa-da arzan bolmaz: Maskyň million robotly arzuwy paşmajaga meňzeýär

Tesla kompaniýasy ýylda bir milliona çenli adam şekilli Optimus robotlaryny göni Frimontdaky zawodynda işläp düzmegi meýilleşdirýärdi. Emma robotyň tas ähli zerur şaýlarynyň Hytaýda öndürilýändigi bu süýji arzuwy, näler islemese-de, ony ajy hakykatyň ýüzüne bakmaga mejbur etdi...

düýn 20:37
879

Pepper seriýalaýyn öndürilen adam şekilli ilkinji robot hökmünde rekordlar kitabyna girdi

Janly gatnaşyk arkaly adamlar bilen özara täsirleşmek maksatly işlenip düzülen Pepper özüniň döredilen wagtyndan – 2014-nji ýylyň 5-nji iýunyndan bäri  söwda merkezleri, mekdepler, garrylar öýleri ýaly  dürli jemgyýetçilik ýerlerinde ulanylyp ýör...

düýn 13:45
1.9k+

Apple ABŞ-nyň smartfon bazarynyň 69%-ini eýeledi, Samsung-yň paýy 13%-e çenli azaldy

2025-nji ýylyň IV çärýeginiň jemi boýunça Apple kompaniýasy ABŞ-nyň smartfon bazarynyň 69%-ini eýeläp, taryhy ýokary görkezijä ýetdi. Bu barada Counterpoint analitiki kompaniýasy habar berýär. Bazaryň ýyllyk hasabynda 1% ösen döwründe kompaniýa geçen ýylky 65% görkezijisini ep-esli ýokarlandyrmagy başardy...

düýn 10:23
1k+

Google Maps kartasynda ýoly indi Gemini gürläp salgy bermegi başarýar

Google Maps goşundysy täze funksiýany hödürläp başlady. Indi pyýada ýörişlerde ýa-da welosiped sürlende telefona eliňi ýetirmezden, ýol hakda Gemini emeli aň kömekçisiniň üsti bilen dilden salgy alyp bolýar. Bu täzelik geçen ýylyň noýabr aýyndan bäri diňe awtomobil saparlary üçin elýeterli bolan gürleşýän nawigasiýa funksionalyny has-da giňeltdi...