Russiýada kosmonawtlar üçin kömekçi robotlar dörediler

  • 23.10.2019 06:20
  • 2.2k+

Kosmonawtlara niýetlenilen robot-kömekçiler üçin tehnologiýalar rus awtomatiki stansiýalarynyň Aýa uçuş wagtynda barlanylyp görler. Bu barada Ylmy-barlag institutynyň merkeziniň hünärmenleriniň Waşingtondaky 70-nji Halkara astronawtiki kongresinde hödürlejek dokladynda habar berilýär.
Dokladda platformalaryň täze robotlaşdyrylan kosmiki apparatlar üçin prototip hökmünde hyzmat etjekdigi barada aýdylýar. Geljekde stansiýalar diňe bir kosmonawtlary taýýarlamak üçin däl-de, eýsem olar Aýda peýdalanylmak maksady bilen ulanylar diýip РИА habar berýär.
Häzirki wagtda Aýy öwrenmek boýunça rus programmasynda birnäçe awtomatiki stansiýalar hereket edýär. Günorta polýusyň çäklerinde derňew işlerini geçirmek we parahat gonuşyň tehnologiýalaryny işläp düzmek üçin niýetlenilen “Aý-25” 2021-nji ýylda uçurylar. Ondan soň ýewropa burawlaýjy gurluşy bolan “Aý-26” we “Aý-27” uçuşa taýýarlanylar.
Şu ýylda Russiýada ilkinji adam şekilli FEDOR roboty işlenilip düzüldi. 22-nji awgustda ony Baýkonur kosmodromyndan Halkara kosmiki stansiýa iberdiler. Uçuş wagtynda ol kosmonawtyň dolandyrmagynda birnäçe ýumuşlary ýerine ýetirdi we 7-nji sentýabrda ýene-de Ýere dolandy.

düýn 23:52
2.1k+

Bolmaz, bolsa-da arzan bolmaz: Maskyň million robotly arzuwy paşmajaga meňzeýär

Tesla kompaniýasy ýylda bir milliona çenli adam şekilli Optimus robotlaryny göni Frimontdaky zawodynda işläp düzmegi meýilleşdirýärdi. Emma robotyň tas ähli zerur şaýlarynyň Hytaýda öndürilýändigi bu süýji arzuwy, näler islemese-de, ony ajy hakykatyň ýüzüne bakmaga mejbur etdi...

düýn 20:37
879

Pepper seriýalaýyn öndürilen adam şekilli ilkinji robot hökmünde rekordlar kitabyna girdi

Janly gatnaşyk arkaly adamlar bilen özara täsirleşmek maksatly işlenip düzülen Pepper özüniň döredilen wagtyndan – 2014-nji ýylyň 5-nji iýunyndan bäri  söwda merkezleri, mekdepler, garrylar öýleri ýaly  dürli jemgyýetçilik ýerlerinde ulanylyp ýör...

düýn 13:45
1.9k+

Apple ABŞ-nyň smartfon bazarynyň 69%-ini eýeledi, Samsung-yň paýy 13%-e çenli azaldy

2025-nji ýylyň IV çärýeginiň jemi boýunça Apple kompaniýasy ABŞ-nyň smartfon bazarynyň 69%-ini eýeläp, taryhy ýokary görkezijä ýetdi. Bu barada Counterpoint analitiki kompaniýasy habar berýär. Bazaryň ýyllyk hasabynda 1% ösen döwründe kompaniýa geçen ýylky 65% görkezijisini ep-esli ýokarlandyrmagy başardy...

düýn 10:23
1k+

Google Maps kartasynda ýoly indi Gemini gürläp salgy bermegi başarýar

Google Maps goşundysy täze funksiýany hödürläp başlady. Indi pyýada ýörişlerde ýa-da welosiped sürlende telefona eliňi ýetirmezden, ýol hakda Gemini emeli aň kömekçisiniň üsti bilen dilden salgy alyp bolýar. Bu täzelik geçen ýylyň noýabr aýyndan bäri diňe awtomobil saparlary üçin elýeterli bolan gürleşýän nawigasiýa funksionalyny has-da giňeltdi...