8848 Titanium M6 5G smartfony SD 865 çipli ilkinji smartfon bolar

  • 23.10.2019 05:57
  • 5.9k+

8848 Lýuks smartfonlaryny öndüriji ýaş hytaý kärhanasy şu ýyl 5 ýyllyk ýubileýini bellemek bilen, Pekinde geçiren çäresinde özüniň 5G eýe bolan ilkinji smartfonuny anons etdi we geljekki meýilnamalar bilen tanyşdyrdy.
Şeýle-de, 8848 Titanium M6 smartfony Qualcomm Snapdragon 865 prosessorynyň bazasynda ilkinji gurluş bolar. Telefon 6,01 ” AMOLED ekranyna, 12 Gbaýt operatiw ýadyna we 1Tbaýt göwrümli apparata hem-de 100-Мп suratlary almaga mümkinçilik berýän 64-Мп kamerasyna eýe bolar.
Apparat Spandragon 865 prosessory elýeterli bolan ýagdaýynda, ýagny 2020-nji ýylyň birinji çärýeginde önümçilige goýberiler. Qualcomm-yň 5G modem oturdylan bu 8 ýaderli çip bilen noýabrda tanyşdyrmagyna garaşylýar. Öndürijiler ykjam gurluşlary LPDDR5 operatiw ýady we UFS 3.0 standartly tiz fleş-apparatlary bilen üpjün edip bilerler.
Lýuks görnüşli täze hytaý gurluşynyň iň bir täsirli funksiýasy janly şahsy kömekçiniň bolmagydyr. Beýleki gurluşlaryň emeli akyl ýetirişiň esasynda ukyply assistentleri işe girizýän mahalynda, kompaniýa akylly kömekçileriň ýeterlik ýagdaýda ýokary hilli hyzmatlary hödürläp bilmeýändigini mälim etdi, şol sebäpli ol öz müşderilerine real adamlara daýanýan şahsy kömekçi hyzmatlaryny hödürledi.

düýn 23:52
1.9k+

Bolmaz, bolsa-da arzan bolmaz: Maskyň million robotly arzuwy paşmajaga meňzeýär

Tesla kompaniýasy ýylda bir milliona çenli adam şekilli Optimus robotlaryny göni Frimontdaky zawodynda işläp düzmegi meýilleşdirýärdi. Emma robotyň tas ähli zerur şaýlarynyň Hytaýda öndürilýändigi bu süýji arzuwy, näler islemese-de, ony ajy hakykatyň ýüzüne bakmaga mejbur etdi...

düýn 20:37
879

Pepper seriýalaýyn öndürilen adam şekilli ilkinji robot hökmünde rekordlar kitabyna girdi

Janly gatnaşyk arkaly adamlar bilen özara täsirleşmek maksatly işlenip düzülen Pepper özüniň döredilen wagtyndan – 2014-nji ýylyň 5-nji iýunyndan bäri  söwda merkezleri, mekdepler, garrylar öýleri ýaly  dürli jemgyýetçilik ýerlerinde ulanylyp ýör...

düýn 13:45
1.9k+

Apple ABŞ-nyň smartfon bazarynyň 69%-ini eýeledi, Samsung-yň paýy 13%-e çenli azaldy

2025-nji ýylyň IV çärýeginiň jemi boýunça Apple kompaniýasy ABŞ-nyň smartfon bazarynyň 69%-ini eýeläp, taryhy ýokary görkezijä ýetdi. Bu barada Counterpoint analitiki kompaniýasy habar berýär. Bazaryň ýyllyk hasabynda 1% ösen döwründe kompaniýa geçen ýylky 65% görkezijisini ep-esli ýokarlandyrmagy başardy...

düýn 10:23
1k+

Google Maps kartasynda ýoly indi Gemini gürläp salgy bermegi başarýar

Google Maps goşundysy täze funksiýany hödürläp başlady. Indi pyýada ýörişlerde ýa-da welosiped sürlende telefona eliňi ýetirmezden, ýol hakda Gemini emeli aň kömekçisiniň üsti bilen dilden salgy alyp bolýar. Bu täzelik geçen ýylyň noýabr aýyndan bäri diňe awtomobil saparlary üçin elýeterli bolan gürleşýän nawigasiýa funksionalyny has-da giňeltdi...