iOs 13-de garaňky režimiň iPhone-yň zarýadyny tygşytlamaga kömek edýändigi subut edildi

  • 21.10.2019 23:56
  • 4.1k+

Apple kompaniýasy özüniň smartfonlaryny iOS 13 operasion ulgamynyň soňky wersiýasyna çenli täzeleýär. Operasion ulgamyň iň esasy täzeligi – garaňky tema, ol diňe bir görejiňi goraman, eýsem, batareýiň zarýadyny hem saklaýar. Hakykatdanam şeýlemi – PhoneBuff barlag geçirip gördi.
Tejribe üçin 200 nit ýagtylykly iki sany iPhone XS Max iOS 13 aldylar. Olaryň birinde garaňky tema ýakyldy, beýlekisinde – ýakylmady. Şondan soň robotlar olarda birwagtyň özünde meňzeş işleri alyp bardylar: Twittera girmek, YouTube-da wideo görmek, Google Kartalarynda gatnawlary görmek.
Şeýlelikde, akkumulýatoryň zarýadlary bellenilip alyndy. Netijede “adaty” smartfon doly öçen ýagdaýynda, onuň garaňky temaly “ýoldaşynyň” 30% zarýady galdy.
Emma şu ýerde bir “ýöne” bar: garaňky režim diňe OLED ekranly gurluşlara mahsus. Apple-de bu iPhone 11 Pro we iPhone 11 Pro Max, iPhone XS we iPhone XS Max, hem-de iPhone X.

düýn 23:52
2.1k+

Bolmaz, bolsa-da arzan bolmaz: Maskyň million robotly arzuwy paşmajaga meňzeýär

Tesla kompaniýasy ýylda bir milliona çenli adam şekilli Optimus robotlaryny göni Frimontdaky zawodynda işläp düzmegi meýilleşdirýärdi. Emma robotyň tas ähli zerur şaýlarynyň Hytaýda öndürilýändigi bu süýji arzuwy, näler islemese-de, ony ajy hakykatyň ýüzüne bakmaga mejbur etdi...

düýn 20:37
879

Pepper seriýalaýyn öndürilen adam şekilli ilkinji robot hökmünde rekordlar kitabyna girdi

Janly gatnaşyk arkaly adamlar bilen özara täsirleşmek maksatly işlenip düzülen Pepper özüniň döredilen wagtyndan – 2014-nji ýylyň 5-nji iýunyndan bäri  söwda merkezleri, mekdepler, garrylar öýleri ýaly  dürli jemgyýetçilik ýerlerinde ulanylyp ýör...

düýn 13:45
1.9k+

Apple ABŞ-nyň smartfon bazarynyň 69%-ini eýeledi, Samsung-yň paýy 13%-e çenli azaldy

2025-nji ýylyň IV çärýeginiň jemi boýunça Apple kompaniýasy ABŞ-nyň smartfon bazarynyň 69%-ini eýeläp, taryhy ýokary görkezijä ýetdi. Bu barada Counterpoint analitiki kompaniýasy habar berýär. Bazaryň ýyllyk hasabynda 1% ösen döwründe kompaniýa geçen ýylky 65% görkezijisini ep-esli ýokarlandyrmagy başardy...

düýn 10:23
1k+

Google Maps kartasynda ýoly indi Gemini gürläp salgy bermegi başarýar

Google Maps goşundysy täze funksiýany hödürläp başlady. Indi pyýada ýörişlerde ýa-da welosiped sürlende telefona eliňi ýetirmezden, ýol hakda Gemini emeli aň kömekçisiniň üsti bilen dilden salgy alyp bolýar. Bu täzelik geçen ýylyň noýabr aýyndan bäri diňe awtomobil saparlary üçin elýeterli bolan gürleşýän nawigasiýa funksionalyny has-da giňeltdi...