Nokia 8.2 5G bazarlarda Snapdragon 735 prosessoryna eýe bolan ilkinji smartfon bolar

  • 19.10.2019 22:34
  • 3.8k+

HDM Global kompaniýasy bäşinji nesliň ulgamlarynda işlemäg ukyply Nokia 8.2 smartfonunyň üstünde işleýär.
«Nokiapoweruser» neşiriniň žurnalistleri bu gurluş barada anyk maglumatlary hödürleýärler. Bu çeşmäniň berýän maglumatlary boýunça, Nokia 8.2 5G bazarlarda Spandragon 735 prosessor bilen enjamlaşdyrylan ilkinji smartfon bolar. Heniz bu çip resmi taýdan tanyşdyrylan däl. Ol, has dogrusy, 8 ýadro eýe bolar we 8 ýa-da 7-nanometrli tehprosessa gönükdiriler. Şeýle-de SoC integrirlenen 5G modem bilen enjamlaşdyrylar.
Täze prosessordan başga-da, Nokia 8.2 smartfonuna birnäçe modully we 64 Mp baş sensorly aýratyn kamera, şeýle-de öňe çykýan kamera goşular. Smartfon 4/6/8 GB ОЗУ we 64/128/256 GB ПЗУ ýatly üç konfigurasiýada çykar.
Nokia 8.2 5G smartfonunyň tanyşdyrylyşy 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda geçiriler.

düýn 23:52
2.1k+

Bolmaz, bolsa-da arzan bolmaz: Maskyň million robotly arzuwy paşmajaga meňzeýär

Tesla kompaniýasy ýylda bir milliona çenli adam şekilli Optimus robotlaryny göni Frimontdaky zawodynda işläp düzmegi meýilleşdirýärdi. Emma robotyň tas ähli zerur şaýlarynyň Hytaýda öndürilýändigi bu süýji arzuwy, näler islemese-de, ony ajy hakykatyň ýüzüne bakmaga mejbur etdi...

düýn 20:37
879

Pepper seriýalaýyn öndürilen adam şekilli ilkinji robot hökmünde rekordlar kitabyna girdi

Janly gatnaşyk arkaly adamlar bilen özara täsirleşmek maksatly işlenip düzülen Pepper özüniň döredilen wagtyndan – 2014-nji ýylyň 5-nji iýunyndan bäri  söwda merkezleri, mekdepler, garrylar öýleri ýaly  dürli jemgyýetçilik ýerlerinde ulanylyp ýör...

düýn 13:45
1.9k+

Apple ABŞ-nyň smartfon bazarynyň 69%-ini eýeledi, Samsung-yň paýy 13%-e çenli azaldy

2025-nji ýylyň IV çärýeginiň jemi boýunça Apple kompaniýasy ABŞ-nyň smartfon bazarynyň 69%-ini eýeläp, taryhy ýokary görkezijä ýetdi. Bu barada Counterpoint analitiki kompaniýasy habar berýär. Bazaryň ýyllyk hasabynda 1% ösen döwründe kompaniýa geçen ýylky 65% görkezijisini ep-esli ýokarlandyrmagy başardy...

düýn 10:23
1k+

Google Maps kartasynda ýoly indi Gemini gürläp salgy bermegi başarýar

Google Maps goşundysy täze funksiýany hödürläp başlady. Indi pyýada ýörişlerde ýa-da welosiped sürlende telefona eliňi ýetirmezden, ýol hakda Gemini emeli aň kömekçisiniň üsti bilen dilden salgy alyp bolýar. Bu täzelik geçen ýylyň noýabr aýyndan bäri diňe awtomobil saparlary üçin elýeterli bolan gürleşýän nawigasiýa funksionalyny has-da giňeltdi...