Gran-pri Ýaponiýanyň — «Formula-1» klasyndaky maşynlaryň awtoýaryşynda dünýä çempionatynyň 17-nji tapgyrynda «Mersedes» toparynyň finlýandiýaly piloty Waltteri Bottas ýeňiji bolmagy başardy. Bu barada Trend agentligi TASS salgylanyp habar berýär.
Ikinji orna «Ferrariniň» nemes sürüjisi Sebastian Fettel, üçünji orna bolsa «Mersedesiň» britaniýaly sürüjisi Lýuis Hamilton mynasyp boldy. «Toro Rosso-nyň» russiýaly sürüjisi Daniil Kwýat 11-nji boldy. Onuň fransiýaly topardaşy Pýer Gasli 8-nji boldy.
Ýaryşyň barşynda «Red Bulluň» gollandiýaly piloty Maks Ferstappen we «Reýsing Poýntyň» meksikaly sürüjisi Serhio Peres ýoldan çykdy.
«Mersedesiň» sürüjileri bassyr altynjy gezek Gran-pri Ýaponiýada ýeňiji bolmagy başarýarlar. Hemilton dört gezek (2014, 2015, 2017, 2018) we Niko Rosberg (2016) bir gezek ýeňiji bolmagy başardy.
«Formula-1-iň» indiki tapgyry 25-27-nji oktýabrda Meksikada geçer.
«Formula-1» Ýaponiýanyň Gran-prisinde «Mersedesiň» sürüjisi Bottas ýeňiji boldy
- 13.10.2019 20:41
- 2.4k+