Hemilton Braziliýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy

  • 14.11.2021 23:59
  • 2.6k+

«Mersedesiň» britaniýaly sürüjisi Lýuis Hemilton “Formula-1” çempionatynyň 19-njy tapgyry bolan Braziliýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. 

Hemilton 71 aýlaw dowam eden ýaryşda pellehana birinji bolup geldi. Ikinji orny möwsümiň lideri niderlandly Maks Werstappen (“Red Bull”, yza galyş – 10,496 sekunt), üçünji orny finlýandiýaly Waltteri Bottas (“Mersedes”, +13,576) eýeledi.

Şeýle-de, onluga şular girdi: 4. Serhio Peres (Meksika; “Red Bull”, +39,940), 5. Şarl Lekler (Monako; “Ferrari”, +49,517), 6. Karlos Saýns (Ispaniýa; “Ferrari”, +51,820), 7. Pýer Gasli (Fransiýa; “Alfa Tauri”, yza galyş – aýlaw), 8. Esteban Okon (Fransiýa; “Alpin Reno”, aýlaw), 9. Fernando Alonso (Ispaniýa; “Alpin Reno”, aýlaw), 10. Lando Norris (Beýik Britaniýa; “Maklaren”, aýlaw).

Braziliýadaky tapgyr häzirki möwsümiň dowamynda sprint ýaryşy geçirilen iň soňky tapgyr boldy. Şeýle Gran-pride ýaryş uik-endiniň tertibi adatdakysyndan birneme tapawutlanýar: anna güni bir erkin tejribe we sprint ýaryşy üçin saýlama, şenbe güni – erkin sürmegiň ikinji sessiýasy we sprint, ýekşenbe güni – esasy ýaryş geçirilýär. 

Indiki tapgyr 19 – 21-nji noýabrda Katarda geçiriler.


19.06.2026 19:42
1.4k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

13.06.2026 17:07
12k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....