Samsung Galaxy Note10 arzan wersiýasyny çykarmagyň üstünde işleýär

  • 13.10.2019 20:03
  • 4.8k+

Samsung Galaxy Note10 smartfonynyň has elýeterli wersiýasyny öndürmegiň üstünde işleýär. Ol «Galaxy Note10 Lite» ady bilen öndüriler.
Şu ýyl Samsung ilkinii gezek «Galaxy Note» lineýkasynyň birbada iki nusgasyny — Galaxy Note10 we Note10 Plus çykardy. Emma olaryň hiç bir nusgasyny hem elýeterli diýip atlandyrmak bolmaz.
Çeşmeleriň habar bermelerine görä, Galaxy Note10 Lite «SM-N770F» modeli astynda işlenilýär. Ol iki reňkde hödürleniler: gara we gyzyl. Çeşmeleriň habarlarynda Samsungyň Galaxy Note10 Lite wersiýasyny nämäniň hasabyna has elýeterli edip biljekdigi barada maglumat ýok.
Garaşylmagyna görä, gürrüň öndürijiligi pes birkristally ulgam, şeýle hem surat babatda iň häzirki zaman datçiklerden bärdäki nusgalaryny ulanmak barada barýar. islendik ýagdaýda Samsung Galaxy Note10 Lite «S Pen» stilusyny saklap galar. Eýsem, arzan Galaxy Note10 bazarda nähili garşy alnar.

düýn 23:52
2.1k+

Bolmaz, bolsa-da arzan bolmaz: Maskyň million robotly arzuwy paşmajaga meňzeýär

Tesla kompaniýasy ýylda bir milliona çenli adam şekilli Optimus robotlaryny göni Frimontdaky zawodynda işläp düzmegi meýilleşdirýärdi. Emma robotyň tas ähli zerur şaýlarynyň Hytaýda öndürilýändigi bu süýji arzuwy, näler islemese-de, ony ajy hakykatyň ýüzüne bakmaga mejbur etdi...

düýn 20:37
879

Pepper seriýalaýyn öndürilen adam şekilli ilkinji robot hökmünde rekordlar kitabyna girdi

Janly gatnaşyk arkaly adamlar bilen özara täsirleşmek maksatly işlenip düzülen Pepper özüniň döredilen wagtyndan – 2014-nji ýylyň 5-nji iýunyndan bäri  söwda merkezleri, mekdepler, garrylar öýleri ýaly  dürli jemgyýetçilik ýerlerinde ulanylyp ýör...

düýn 13:45
1.9k+

Apple ABŞ-nyň smartfon bazarynyň 69%-ini eýeledi, Samsung-yň paýy 13%-e çenli azaldy

2025-nji ýylyň IV çärýeginiň jemi boýunça Apple kompaniýasy ABŞ-nyň smartfon bazarynyň 69%-ini eýeläp, taryhy ýokary görkezijä ýetdi. Bu barada Counterpoint analitiki kompaniýasy habar berýär. Bazaryň ýyllyk hasabynda 1% ösen döwründe kompaniýa geçen ýylky 65% görkezijisini ep-esli ýokarlandyrmagy başardy...

düýn 10:23
1k+

Google Maps kartasynda ýoly indi Gemini gürläp salgy bermegi başarýar

Google Maps goşundysy täze funksiýany hödürläp başlady. Indi pyýada ýörişlerde ýa-da welosiped sürlende telefona eliňi ýetirmezden, ýol hakda Gemini emeli aň kömekçisiniň üsti bilen dilden salgy alyp bolýar. Bu täzelik geçen ýylyň noýabr aýyndan bäri diňe awtomobil saparlary üçin elýeterli bolan gürleşýän nawigasiýa funksionalyny has-da giňeltdi...