Howa maglumatyny taýýarlamagyň täze usullary özleşdirilýär

  • 09.10.2019 06:17
  • 2.8k+

Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň hünärmenleri Orta Aziýada ilkinji bolup, sebit üçin howanyň ýagdaýyny modelirlemegiň we howa maglumatyny taýýarlamagyň täze nusgasy bilen tanyşdylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
«Türkmengidrometiň» edara binasynyň maslahatlar zalynda geçirilen okuw-türgenleşigine howa maglumatyny taýýarlaýan sinoptikler, howa öwreniji-seljerijiler, oba hojalyk we ekologiýa pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Olar NetCDF programma üpjünçiligi we ylmy maglumatlary alyşmak üçin standartyň goşundysy bilen tanyşdyryldy.
Okuwda çykyş eden GIZ-iň gazagystanly halkara bilermeni Dauren Žumabaýew çykyş edip, meteorologiýa maglumatlary bilen işlemegiň şu görnüşiniň artykmaçlygy barada gürrüň berdi, ony birnäçe günden bir ýyla çenli dürli wagtlarda ygallaryň düşüşini we howanyň ýagdaýyny görkezýän bütewi karta birleşdirip bolýar.
Okuwa gatnaşanlar köpugurly modul arkaly ýurt boýunça ygalyň düşüş ýagdaýyny seljerdiler. Olaryň aglaba bölegi Balkan welaýatyndaky subtropik ýerleriň paýyna düşýär, has gurak ýerler bolsa, Garagumda, «Altyn Asyr» Türkmen kölüniň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýär.
Programma üpjünçiligi bilen tanyşdyrylyş we amaly sapaklar Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça jemgyýetiniň (GIZ) «Merkezi Aziýanyň ykdysady ösüşi üçin howanyň üýtgemegini nazarda tutup ýerden durnukly peýdalanmak» Sebit maksatnamasynyň goldaw bermeginde geçirildi.

düýn 23:52
1.9k+

Bolmaz, bolsa-da arzan bolmaz: Maskyň million robotly arzuwy paşmajaga meňzeýär

Tesla kompaniýasy ýylda bir milliona çenli adam şekilli Optimus robotlaryny göni Frimontdaky zawodynda işläp düzmegi meýilleşdirýärdi. Emma robotyň tas ähli zerur şaýlarynyň Hytaýda öndürilýändigi bu süýji arzuwy, näler islemese-de, ony ajy hakykatyň ýüzüne bakmaga mejbur etdi...

düýn 20:37
879

Pepper seriýalaýyn öndürilen adam şekilli ilkinji robot hökmünde rekordlar kitabyna girdi

Janly gatnaşyk arkaly adamlar bilen özara täsirleşmek maksatly işlenip düzülen Pepper özüniň döredilen wagtyndan – 2014-nji ýylyň 5-nji iýunyndan bäri  söwda merkezleri, mekdepler, garrylar öýleri ýaly  dürli jemgyýetçilik ýerlerinde ulanylyp ýör...

düýn 13:45
1.9k+

Apple ABŞ-nyň smartfon bazarynyň 69%-ini eýeledi, Samsung-yň paýy 13%-e çenli azaldy

2025-nji ýylyň IV çärýeginiň jemi boýunça Apple kompaniýasy ABŞ-nyň smartfon bazarynyň 69%-ini eýeläp, taryhy ýokary görkezijä ýetdi. Bu barada Counterpoint analitiki kompaniýasy habar berýär. Bazaryň ýyllyk hasabynda 1% ösen döwründe kompaniýa geçen ýylky 65% görkezijisini ep-esli ýokarlandyrmagy başardy...

düýn 10:23
1k+

Google Maps kartasynda ýoly indi Gemini gürläp salgy bermegi başarýar

Google Maps goşundysy täze funksiýany hödürläp başlady. Indi pyýada ýörişlerde ýa-da welosiped sürlende telefona eliňi ýetirmezden, ýol hakda Gemini emeli aň kömekçisiniň üsti bilen dilden salgy alyp bolýar. Bu täzelik geçen ýylyň noýabr aýyndan bäri diňe awtomobil saparlary üçin elýeterli bolan gürleşýän nawigasiýa funksionalyny has-da giňeltdi...