«Windows 10» eýýäm 900 million kompýutere goýuldy

  • 30.09.2019 13:04
  • 3.5k+

Windows 10 eýýäm 2019-njy ýylyň başynda öňki «Windows 7-den» öňe geçip, bar bolan enjamlarda ornaşdyrylýan iň ýörgünli operasion ulgam bolmagy başardy. Şol wagtdan bäri hem ol ýörgünliligini barha artdyrmak bilen, öňdeligini has berkidýär. Ýakynda bolsa «Microsoft» korporasiýasy bu operasion ulgamyň eýýäm 900 million kompýutere ornaşdyrylandygyny habar berdi. 
Korporasiýa eýýäm 2020-nji ýylda bir milliard kompýuterde bu önüminiň ornaşdyrylmagyna garaşýar.
«Microsoft-yň» Windows 10 operaion ulgamyndan diňe bir adaty kompýuterler ýa-da noutbuklar däl, eýsem, Xbox One oýun konsollary, HoloLens şlemleri we Microsoft Hub interaktiw tagtalary hem peýdalanýar.
Bu netijäniň ýokarydygyna garamazdan, Windows 10 ulgamyny bazara hödürlemezden öň Microsoft has uly görkezijä garaşýardy. Kompaniýa bary-ýogy iki, iň bolmanda, üç ýylyň içinde ulanyjylaryň sanyny bir milliarda ýetirmek isleýärdi. Emma ösüş depgini o diýen tiz bolmansoň, bu görkezijä ýetmek üçin bäş ýyl gerek boldy.

düýn 23:52
1.9k+

Bolmaz, bolsa-da arzan bolmaz: Maskyň million robotly arzuwy paşmajaga meňzeýär

Tesla kompaniýasy ýylda bir milliona çenli adam şekilli Optimus robotlaryny göni Frimontdaky zawodynda işläp düzmegi meýilleşdirýärdi. Emma robotyň tas ähli zerur şaýlarynyň Hytaýda öndürilýändigi bu süýji arzuwy, näler islemese-de, ony ajy hakykatyň ýüzüne bakmaga mejbur etdi...

düýn 20:37
879

Pepper seriýalaýyn öndürilen adam şekilli ilkinji robot hökmünde rekordlar kitabyna girdi

Janly gatnaşyk arkaly adamlar bilen özara täsirleşmek maksatly işlenip düzülen Pepper özüniň döredilen wagtyndan – 2014-nji ýylyň 5-nji iýunyndan bäri  söwda merkezleri, mekdepler, garrylar öýleri ýaly  dürli jemgyýetçilik ýerlerinde ulanylyp ýör...

düýn 13:45
1.9k+

Apple ABŞ-nyň smartfon bazarynyň 69%-ini eýeledi, Samsung-yň paýy 13%-e çenli azaldy

2025-nji ýylyň IV çärýeginiň jemi boýunça Apple kompaniýasy ABŞ-nyň smartfon bazarynyň 69%-ini eýeläp, taryhy ýokary görkezijä ýetdi. Bu barada Counterpoint analitiki kompaniýasy habar berýär. Bazaryň ýyllyk hasabynda 1% ösen döwründe kompaniýa geçen ýylky 65% görkezijisini ep-esli ýokarlandyrmagy başardy...

düýn 10:23
1k+

Google Maps kartasynda ýoly indi Gemini gürläp salgy bermegi başarýar

Google Maps goşundysy täze funksiýany hödürläp başlady. Indi pyýada ýörişlerde ýa-da welosiped sürlende telefona eliňi ýetirmezden, ýol hakda Gemini emeli aň kömekçisiniň üsti bilen dilden salgy alyp bolýar. Bu täzelik geçen ýylyň noýabr aýyndan bäri diňe awtomobil saparlary üçin elýeterli bolan gürleşýän nawigasiýa funksionalyny has-da giňeltdi...