Google Android 10-uň gymmat bolmadyk smartfonlar üçin wersiýasyny çykardy

  • 27.09.2019 22:35
  • 7.9k+

Google kompaniýasy «Android 10 Go» operasion ulgamyny — mobil operasion ulgamynyň gymmat bolmadyk smartfonlar üçin niýetlenilen «ýeňilleşdirilen» görnüşini çykardy. Habar berlişi ýaly, «Go» wersiýada programmalary çalyşmaklygyň tizligi ýokarlandyryldy, programmalaryň özi bolsa, öňküsinden 10% tiz işläp başlaýar we has köp ýady tygşytlaýar.
Şeýle hem «Android 10 Go» Adiantum täze şifrleýji ulgam ornaşdyryldy. Ol gowşak smartfonlar üçin ýöriteleşdirilendir. Google-yň wekilleriniň aýtmagyna görä, Adiantum AES-e garanyňda bäş esse çalt işleýär we ýörite enjamyň bolmagyny talap etmeýär.
«Go» ady bilen OC—nyň ýöriteleşdirilen, ýönekeýleşdirilen wersiýasy çykarylýar. Ol gowşak smartfonlara we operatiw ýady pes bolan — 1,5 Gb-dan uly bolmadyk we oturdylan ýatly planşetlere niýetlenendir. Android-iň Laýt (ýeňil) wersiýasy «arassa» görnüşde — artykmaç programmasyz, interfeýs düzedişsiz goýberilýär we yzygiderli täzelenýär.
Android-iň Go wersiýasy öň smartfony bolmadyk ýa-da doly derejeli OC-ly smartfonlary satyn almak üçin has gymmat bolan ulanyjylar üçin niýetlenendir. Google-de aýtmaklaryna görä, 2018-nji ýylda çykarylan Android Go 500 sany öndürijiniň 1600-den gowrak modeline oturdyldy. Bu operasion ulgamdan dünýäniň 180 ýurdunda peýdalanýarlar.

düýn 23:52
2.1k+

Bolmaz, bolsa-da arzan bolmaz: Maskyň million robotly arzuwy paşmajaga meňzeýär

Tesla kompaniýasy ýylda bir milliona çenli adam şekilli Optimus robotlaryny göni Frimontdaky zawodynda işläp düzmegi meýilleşdirýärdi. Emma robotyň tas ähli zerur şaýlarynyň Hytaýda öndürilýändigi bu süýji arzuwy, näler islemese-de, ony ajy hakykatyň ýüzüne bakmaga mejbur etdi...

düýn 20:37
879

Pepper seriýalaýyn öndürilen adam şekilli ilkinji robot hökmünde rekordlar kitabyna girdi

Janly gatnaşyk arkaly adamlar bilen özara täsirleşmek maksatly işlenip düzülen Pepper özüniň döredilen wagtyndan – 2014-nji ýylyň 5-nji iýunyndan bäri  söwda merkezleri, mekdepler, garrylar öýleri ýaly  dürli jemgyýetçilik ýerlerinde ulanylyp ýör...

düýn 13:45
1.9k+

Apple ABŞ-nyň smartfon bazarynyň 69%-ini eýeledi, Samsung-yň paýy 13%-e çenli azaldy

2025-nji ýylyň IV çärýeginiň jemi boýunça Apple kompaniýasy ABŞ-nyň smartfon bazarynyň 69%-ini eýeläp, taryhy ýokary görkezijä ýetdi. Bu barada Counterpoint analitiki kompaniýasy habar berýär. Bazaryň ýyllyk hasabynda 1% ösen döwründe kompaniýa geçen ýylky 65% görkezijisini ep-esli ýokarlandyrmagy başardy...

düýn 10:23
1k+

Google Maps kartasynda ýoly indi Gemini gürläp salgy bermegi başarýar

Google Maps goşundysy täze funksiýany hödürläp başlady. Indi pyýada ýörişlerde ýa-da welosiped sürlende telefona eliňi ýetirmezden, ýol hakda Gemini emeli aň kömekçisiniň üsti bilen dilden salgy alyp bolýar. Bu täzelik geçen ýylyň noýabr aýyndan bäri diňe awtomobil saparlary üçin elýeterli bolan gürleşýän nawigasiýa funksionalyny has-da giňeltdi...