Türkmenistanda «Halkara maglumat merkezi» dörediler

  • 27.09.2019 14:24
  • 5.1k+

Türkmenistan halkara maglumat işini ösdürmek, dünýäniň esasy habar beriş serişdeleri bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça netijelri işleri alyp barýar. Ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň işleýän çäklerini giňeltmek boýunça anyk çäreler görülýär. Milli habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmekde döwrebap maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we internet serişdeleriniň işjeň ulanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, «Halkara maglumat merkezini» döretmek maksada laýyk hasaplanylýar, onda degişli ugurda öňdebaryjy gazanylanlary peýdalanmak göz öňünde tutulýar. Bu barada ýakynda geçirilen hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow habar berdi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi belleýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy halkara maglumatlar giňişligine has-da ilerletmek, daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleri bilen netijeli gatnaşyklary berkitmek we giňeltmek boýunça işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Bu ugurda görülýän çäreler täze multimediýa tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagyna, özara peýdaly tejribäni alyşmaga, şeýle hem dünýä bileleşigini Bitarap Watanymyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşmagyna, ýurdumyzda bolup geçýän şanly wakalaryň giňden beýan edilmegine ýardam etmelidir diýip, döwlet Baştutany wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.

düýn 23:52
1.9k+

Bolmaz, bolsa-da arzan bolmaz: Maskyň million robotly arzuwy paşmajaga meňzeýär

Tesla kompaniýasy ýylda bir milliona çenli adam şekilli Optimus robotlaryny göni Frimontdaky zawodynda işläp düzmegi meýilleşdirýärdi. Emma robotyň tas ähli zerur şaýlarynyň Hytaýda öndürilýändigi bu süýji arzuwy, näler islemese-de, ony ajy hakykatyň ýüzüne bakmaga mejbur etdi...

düýn 20:37
879

Pepper seriýalaýyn öndürilen adam şekilli ilkinji robot hökmünde rekordlar kitabyna girdi

Janly gatnaşyk arkaly adamlar bilen özara täsirleşmek maksatly işlenip düzülen Pepper özüniň döredilen wagtyndan – 2014-nji ýylyň 5-nji iýunyndan bäri  söwda merkezleri, mekdepler, garrylar öýleri ýaly  dürli jemgyýetçilik ýerlerinde ulanylyp ýör...

düýn 13:45
1.9k+

Apple ABŞ-nyň smartfon bazarynyň 69%-ini eýeledi, Samsung-yň paýy 13%-e çenli azaldy

2025-nji ýylyň IV çärýeginiň jemi boýunça Apple kompaniýasy ABŞ-nyň smartfon bazarynyň 69%-ini eýeläp, taryhy ýokary görkezijä ýetdi. Bu barada Counterpoint analitiki kompaniýasy habar berýär. Bazaryň ýyllyk hasabynda 1% ösen döwründe kompaniýa geçen ýylky 65% görkezijisini ep-esli ýokarlandyrmagy başardy...

düýn 10:23
1k+

Google Maps kartasynda ýoly indi Gemini gürläp salgy bermegi başarýar

Google Maps goşundysy täze funksiýany hödürläp başlady. Indi pyýada ýörişlerde ýa-da welosiped sürlende telefona eliňi ýetirmezden, ýol hakda Gemini emeli aň kömekçisiniň üsti bilen dilden salgy alyp bolýar. Bu täzelik geçen ýylyň noýabr aýyndan bäri diňe awtomobil saparlary üçin elýeterli bolan gürleşýän nawigasiýa funksionalyny has-da giňeltdi...