«Rysgal» PTB ýurdymyzda ilkinji gezek gatnaşyksyz töleg tehnologiýasyny ornaşdyrýar

  • 25.09.2019 06:14
  • 6.4k+

«Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň «MasterCard» halkara töleg ulgamyny ornaşdyrmak işi tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Ýurdumyzyň banklary tarapyndan «MasterCard» plastik kartlar arkaly amallar eýýäm köpden bäri geçirilýär. «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynda işe giriziljek ulgamyň aýratynlygy onuň kömegi bilen Türkmenistanda ilkinji gezek gatnaşyksyz tölegiň tehnologiýasynyň ornaşdyrylýandygyndan ybaratdyr, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Şeýle kartlaryň artykmaçlygy olary ulanmagyň amatlylygy, ýerine ýetirilýän amallaryň tizligi we howpsuzlygy bilen baglanyşyklydyr. Olaryň eýeleri bir basyş arkaly PIN–kody girizmezden, ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda harytlar we hyzmatlar üçin dessine tölegleri amala aşyryp bilerler. Munuň üçin gatnaşyksyz tehnologiýalary kabul etmäge ukyply ýörite töleg terminallary zerur bolup durýar.
Ulanyjylaryň girdejileri we maksatlary bilen baglylykda, olaryň her biri üçin «MasterCardyň» öz formaty işlenip taýýarlanyldy. Hususan-da, «MasterCard Maestro» — bu manat plastik kartydyr. Bu karta onuň eýesiniň zähmet hakyny milli pulda geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu kart 50 manat möçberindäki çägi bellemek arkaly gatnaşyksyz tölegleri amala aşyrmaga mümkinçilik berer.
«MasterCardyň» tehnologik çözgütleri hödürlenýän hyzmatlaryň üstüni ýetirmek we giňeltmek mümkinçiligine eýedir. Şeýle çözgütleriň binýadynda «Loýallyk maksatnamasy» ornaşdyrylar. Onda Türkmenistan boýunça supermarketler we dükanlar ulgamynda satyn alnan harytlar üçin sowgatlary toplamak göz öňünde tutulýar.
«MasterCard Standard» — bank karty bolmak bilen, onuň üstüni diňe daşary ýurt pulunda doldurmak göz öňünde tutulýar. Müşderilere amatly we özüneçekiji hem-de banklar üçin ykdysady taýdan maksada laýyk bolmagy üçin ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň bankomatlarynda nagt pullary bir gezek almagyň amatly möçberini bellemek hem-de nagt däl hasaplaşyklary, internet-tölegleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
«MasterCard Gold» — bank karty bolmak bilen, onuň üstüni hem diňe daşary ýurt pulunda doldurmak göz öňünde tutulýar. Ýöne, ol «MasterCard Standard» kartyndan aýda nagt pullary almagyň we nagt däl hasaplaşyklary geçirmegiň has ýokary çägi bilen tapawutlanýar. Onuň eýesine geljekde hyzmatlaryň aýratyn görnüşleriniň elýeterli bolmagy bu kartyň goşmaça artykmaçlygy bolup durýar.
Mysal üçin, özüne saparlary we dünýä boýunça gezelençleri guramagy, myhmanhanalary seçip almagy we öňünden sargyt etmegi, petekleri satyn almagy birleşdirýän «Konserž-serwis», tutuş dünýä boýunça howa menzillerinde, myhmanhanalarda, garbanyşhanalarda, restoranlarda we dynç alyş ýerlerinde, hatda uçaryň üstünde we beýleki ýerlerde simsiz internete çäksiz elýeterliligi üpjün edýän «BoinGo Wi-Fi» hyzmatlary elýeterli bolar.
Öz nobatynda, «MasterCard Platinum» — «premium derejesindäki» plastik kartdyr. Ol diňe daşary ýurt pulunda üstüniň ýetirilmegini göz öňünde tutýar. Bu kartyň eýeleri nagt pullary almak hem-de nagt däl hasaplaşyklar boýunça amallary çäksiz geçirmek mümkinçiligine eýe bolarlar.
Mundan başga-da, kart ýokarda agzalanlar bilen birlikde, goşmaça hyzmatlaryň tapgyrlaýyn ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Şolaryň hatarynda dünýä boýunça howa menzilleriniň biznes-zallarynyň elýeterliligini, müşderiniň elektron goldaw gullugyny, hyzmatlaryň wirtual töleglerini hem-de daşary ýurtlarda kartyň bolmadyk ýagdaýynda, nagt pullaryň çalt berilmegini göz öňünde tutýan hyzmatlary görkezmek bolar.
«Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynda häzirki wagtda «MasterCard» plastik kartlarynyň ähli görnüşlerine tapgyrlaýyn Internet-banking hyzmatlaryny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Bu ulgam şahsy kompýuterleriň kömegi bilen, tranzaksiýalary geçirmäge, bankomada ýa-da terminala barmazdan tölegleriň ählisi barada maglumatlary almaga mümkinçilik berýär. SMS-habar bermek, bankyň Call-merkezine gije-gündiziň dowamynda elýeterlilik hyzmatlaryny we beýlekileri üpjün edýär.
Başgaça aýdylanda, müşderi öz hasabynda duran, bank töleg karty resmileşdirilen pul serişdelerini öýünden, edarasyndan çykman ýa-da dünýäniň islendik nokadyndaky şypahanada dynç almak bilen, hepdäniň ýedi gününde, gije-gündiziň 24 sagadynda dolandyryp biler.
Bilermenler ýakyn ýyllarda elektron töleg serişdeleriniň uly ösüşe eýe boljakdygyny belleýärler — bu ulgam özbaşdak bazara öwrülýär. Ilatyň anyk girdejileriniň ýokarlanmagy bilen baglylykda, ýurdumyzda hem elektron pullarynyň meşhurlygy artýar.

16.10.2025 10:31
10k+

Ýaponiýada AI bilen işleýän “adam ýuwujy kirmaşyn” görkezildi: 15 minuda ýuwup, guradyp berýär

Ýaponiýanyň Osaka şäherinde ýerleşýän Science kompaniýasy “Mirai Renjian” atly täsin enjamy — awtomatiki tämizleýji we rahatlandyryjy owkalaýjy kapsulany (“adam ýuwujy kirmaşyny”) hödürledi. Täze enjam emeli aň (AI) tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylypdyr...

12.10.2025 23:29
2.6k+

Neuralink-yň implanty goýlan näsag pikiriň güýji bilen robot goly dolandyrmagy öwrendi

Ilon Maskyň esaslandyran Neuralink startapynyň beýni implantlary häzirki wagtda 12 näsaga ornaşdyryldy. Şolaryň sekizinjisi — Nik Reý skleroz keselinden ejir çekýän näsag bolup, pikir güýji arkaly hereket edýän robot goly dolandyrmagy öwrenip başlandygyny paýlaşdy...

09.10.2025 17:10
5.2k+

Alymlar bir öýi bir günläp energiýa bilen üpjün edip bilýän beton batareýasyny döretdiler

Massaçusets Tehnologiýa Institutynyň (MIT) alymlary öň işlenip düzülen elektron geçiriji uglerodly betony (ec3) kämilleşdirdiler. Bu işläp taýýarlama öýüň binýadyny ýa-da diwarlaryny energiýa saklaýan enjama öwürýär diýip, New Atlas habar berýär...

06.10.2025 10:46
7.2k+

Awstraliýaly robot möý bir jaýy 24 sagadyň içinde çap edýär

Awstraliýada äpet möý şekilli üýtgeşik gurluşykçy robot oýlanyp tapyldy. Crest Robotics we Earthbuilt Technology kompaniýalary tarapyndan döredilen, "Şarlotta" diýlip atlandyrylýan oýlap tapyş, takmynan, 200 inedördül metrlik jaýy 24 sagadyň içinde çap etmäge ukyplydyr diýip, ABC  habar berýär...