«Huawei» 5G tehnologiýalary boýunça patentleri bilen paýlaşyp biler

  • 15.09.2019 17:21
  • 3.7k+

«Huawei» kompaniýasy Aziýa sebitinden daşynda ýerleşýän kompaniýalara 5G ulgamy boýunça öz tehnologiýalaryny ulanmaga mümkinçilik almagy üçin satuwy ýola goýmagy mümkin. Bu barada telekommunikasiýa ulgamynyň ägirt uly kompaniýasy bolan «Huaweiň» esaslandyryjysy we baş direktory Žen Çženfeý (Ren Zhengfei) belledi. Şol bir wagtda satyn alyjy esasy elementleri erkin üýtgedip we öndürilen önümlerini bloklap biler, diýip South China Morning Post belleýär.
Ýakynda beren interwýularynyň birinde jenap Çženfeý bir gezeklik töleg üçin satyn alyja bar bolan patenti we lisenziýany, tehniki çyzgylary we 5G ulgamyndaky beýleki resminamalary ulanmaga mümkinçilik berler. Satyn alyjy başlangyç kody öz garamagyna görä üýtgedip biler. Bu diýildigi, ne «Huawei», ne-de Hytaýyň hökümeti täze kompaniýa tarapyndan öndürilen enjamlary ulanmak arkaly gurlan telekommunikasion infrastruktura gözegçilik edip bilmez diýmegi aňladýar. «Huawei» hem öz gezeginde bar bolan 5G tehnologiýalaryny öz meýillerine we strategiýasyna laýyklykda ösdürmegini dowam edip biler.
Potensial satyn alyjynyň «Huwaeiň» tehnologiýalary üçin näçe möçberde töleg etmeli boljakdygy mälim edilmeýär. Habarda bellenilişi ýaly, hytaý kompaniýasy günbatar kompaniýalarynyň tekliplerine garamaga taýýar. «Huaweiň» ýolbaşçysynyň bellemegine görä, bu geleşikden alnan serişdeler kompaniýa öňe uly ädim ätmäge ýardam eder. «Huaweiň» 5G ulgamynda tehnologik bukjasynyň bahasy onlarça milliard dollara ýetip biler. Geçen on ýyllyklarda kompaniýa azyndan 2 milliard dollar möçberde serişdäni 5G ulgamynda tehnologiýalary barlamaga we işläp taýýarlamaga sarp etdi.
«5G ulanyja tizlik berýär. Tizlige erk edýän döwletler öňe tiz hereket eder. Tersine, tizlikden ýüz dönderen döwletlerde ykdysady ösüşiň haýallamagy mümkin» diýip Žen Çženfeý belledi.

şu gün 15:04
168

Hisense kompaniýasy hem AI-goldawy, hem dilden terjimesi bolan G11 audio äýnegini çykardy

Hisense resmi taýdan G11 akylly äýnegi bilen tanyşdyrdy, onuň esasy aýratynlygy gepleşikleri terjime etmek we dili hakyky wagtda terjime etmek üçin gurlan dil modelidir....

şu gün 07:36
1.3k+

ChatGPT kyn ýagdaýa düşseňiz ýakynlaryňyza habar berip başlar

OpenAI kompaniýasy ChatGPT ulgamy üçin täze «Trusted Contact» (Ynamdar şahsyýet) howpsuzlyk funksiýasyny girizip başlady....

düýn 20:32
1.4k+

Italiýada adamyň emeli aňa garaşlylygynyň ilkinji ýagdaýy resmi taýdan hasaba alyndy

Italiýanyň garaşlylyk bilen işlemek boýunça döwlet gullugy (SERD) ýurtda emeli aňa garaşly bolmagyň ilkinji ýagdaýyny hasaba aldy. «Gazzettino» gazetiniň habar bermegine görä, hakyky durmuşdaky gatnaşyklardan......

düýn 20:26
709

Ulanyjylaryň nägiliginden soň Windows 11-de widjetleriň görnüşi ýönekeýleşdirilip başlandy

Microsoft kompaniýasy Windows 11-däki widjetleriň ulanyjylaryň ünsüni sowýandygyny we interfeýsi artykmaç ýükleýändigini boýun alyp, olary ýönekeýleşdirmek meýilnamasyny yglan etdi....