Türkmenistanda kiberhowpsuzlyk gullugy döredildi

  • 11.09.2019 23:00
  • 13k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy esasynda ösüp barýan ýurtlarda milli maglumat ulgamynyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň düzüminde kiberhowpsuzlyk gullugy döredildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Bellenilişi ýaly, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň işi ugurlaryň uly görnüşlerini, şol sanda milli ulgam giňişligini sazlaşdyrmaga we giňeltmäge goldaw bermegiň kanunçylygyny, Internet-hyzmatyň görnüşlerini işläp taýýarlamagy öz içine alýar.
Häzirki wagtda ýokary derejeli «.tm»., milli domende atlaryny bellige almagyň we töleg şertleriniň tertibiniň taslamasy işlenip düzüldi, bu ugurda degişli ministrlikler we pudaklaýyn edaralar bilen ylalaşyk esasynda işler alnyp barylýar.
Şunuň bilen bir hatarda, sanly ulgama hyzmat etmek üçin Politehniki orta hünär okuw mekdebinde işgärleri taýýarlamak işi sazlaşykly alnyp barylýar. Bu ýerde okatmagyň iň oňat dünýä usullary ornaşdyrylýar. Täze okuw ýylyndan başlap, logistika operasion işi, telekommunikasiýa ulgamlarynyň maglumat taýdan howpsuzlygy, kompýuter torlary ýaly ugurlarda hünärler girizildi.
Belläp geçsek, ýakynda geçirilen hökümet mejlisinde «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň taýýarlanylandygy habar berildi. Habar berlişi ýaly, eýeçiligiň hemme görnüşleriniň aragatnaşyk ulgamlary kibergoraglylyga degişlidir. Şolarda milli maglumat serişdeleri işlenilýär hem-de döwlet häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň hem-de harby birikmeleriň bähbitlerine, elektron dolanyşygy, elektron döwlet hyzmatlary, elektron täjirçiligi, elektron resminama dolanyşygy ulgamlarynda peýdalanylýar. Şeýle hem degişli maglumat düzüminiň desgalary kibergoraglylyga degişlidir.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça taýýarlanylan hukuknamanyň baş maksady milli «kiberözbaşdaklygy» goramakdan ybaratdyr. Resminama strategik taýdan möhüm pudaklarda maglumat düzüminiň howpsuzlygyny üpjün etmegiň düzgünini we iş aýratynlygyny kesgitleýär. Kanun ýurdumyzyň Konstitusiýasyna hem-de Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalaryň talaplaryna laýyk gelýär.

şu gün 10:42
605

Nvidia we Unitree ynsanpisint robotlar üçin nusgalyk platformany tanyşdyrdylar

Nvidia we Unitree kompaniýalary ynsanpisint robotlary we olaryň programma üpjünçiligini döredijiler üçin Isaac GR00T diýlip atlandyrylýan nusgalyk platformany tanyşdyrdylar....

şu gün 00:06
1.7k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......

düýn 17:40
5.2k+

Şwesiýanyň agaç kesiji dron enjamy agaçlary çapyp, daşap bilýär

Şwesiýanyň AirForestry kompaniýasy agyr ýerüsti enjamlary ulanmazdan, agaçlary kesmäge we daşamaga ukyply, awtonom agaç kesiji drony işläp düzdi....

düýn 07:43
1.2k+

YouTube emeli aň tarapyndan döredilen wideolary awtomatiki usulda belgiläp başlar

YouTube platformanyň syýasatyndaky üýtgeşmeler barada yglan etdi we emeli aň (EA) arkaly döredilen wideolary bellemek ulgamyny ornaşdyryp başlady....