Ýyladyşhanalarda ulanyp boljak innowasion tehnologiýalar

  • 08.09.2019 21:45
  • 4.7k+

Biz sizi ýyladyşhanalar üçin maglumat üpjünçiligi, sensorlar we robotlaşdyrma, şeýle hem ýagtylandyryş we suwy süzgüçden geçiriş ulgamlarynda iň täze innowasiýalar bilen tanyşdyrmagy makul bildik.
Mikroklimat datçigi (30MHz).
Simsiz datçik çyglylygyň, buguň basyşynyň, ösümligiň temperaturasynyň derejesini ölçeýär. Alnan maglumatlar iň az mukdarda zerur bolan suwuň möçberini kesgitlemäge we onuň artykmaç ulanylmagynyň öňüni almaga ýardam edýär. Bu datçik pribor paneli bilen enjamlaşdyrylan, onda görkezijileriň üýtgänligi hakynda habardar etmekligi gurnap bolýar. Netijede suwuň berlişini kadalaşdyryp bolýar.
Service Engine (Royal Brinkman). Bu programma üpjünçiligi ýyladyşhanalaryň tehniki hyzmatyny dolandyrmaklygy ýeňilleşdirýär. Ol ýyladyşhananyň ähli tehnikalarynyň hasaba alynmagy we bir ulgama toplanmagy üçin ulanylýar. Service Engine amala aşyrylan amallary tiz bahalandyrmaga we ilkinji nobatdaky wezipeleri işläp taýýarlamaga kömek edýär.
ISO++ (Bom Group). Ýagtylygyň oňat geçmegi üçin ornaşdyrylan ýörite ýyladyşhana ekranlary. Netijede ol energiýanyň az sarp edilmegine getirýär. Bir birikmä 2 sany ekran ornaşdyrylýar, şonuň üçin hem olar birek-birege has jebis birigýär. Bu hili gurluş ýyladyşhana howanyň girmezliginiň öňüni alýar we onuň oňat germetizasiýasyna hyzmat edýär.
Çyglylygyň deňagramlylygyny saklaýan modul (Priva). Täze modul ösümlik tarapyndan sarp edilýän suwuň möçberini, onuň toprakdaky derejesini we bugarma tizligini ölçeýär. Ol daşky gurşawyň şertlerine we ösümligiň zerurlyklaryna baglylykda, awtomatik ýagdaýda suwuň berilmeginiň tertibini we yzygiderliligini kesgitleýär. Bu enjam ýyladyşhanalar üçin hem, meýdan işleri üçin peýdalydyr. Sarp edilýän suwuň möçberini bilmeklik onuň artykmaç sarp edilmeginiň öňüni alýar we şol bir wagtda kök ulgamynyň ösmegini kadalaşdyrýar.
Poseidon Sodium Extractor (Van der Ende Group). Suwy natriýden arassalaýan, şol bir wagtda hem ondaky peýdaly jisimleri saklaýan uly bolmadyk süzgüç ulgamy. Suwuň sarp edilişini 80% tygşytlamaga kömek edýär.
ValkScreen Vision — ýyladyşhana toruny oturdýan robot (Van der Valk Horti Systems). ValkScreen Vision – Van der Valk Horti Systems üçin goşmaça enjam bolup, ol ýörite zolaklary oturdýar, olar bolsa soňra ýyladyşhana örtügini berkidýär. Van der Valk Horti Systems — bu ýörite enjamyň kömegi bilen ýyladyşhana örtügini oturtmagyň we aýyrmagyň innowasion usulydyr. ValkScreen Vision örtgüleriň ähli görnüşleri bilen ulanylyp bilner. Onuň esasy artykmaçlygy — oturtmak işi ýyladyşhanalar gurnalanda däl-de, gönüden-göni ösümlikler ekilmezinden öň gurnalýar.
SmartPAR — simsiz dolandyryş ulgamy (Lumigrow). Bu ulgam ýagtylandyryşy awtomatlaşdyrýar we ony kompýuteriň ýa-da mobil telefonynyň üsti bilen uzak aralykdan dolandyrmaga kömek edýär. Bu enjam ösdürilýän ösümlikleriň zerurlyklaryny nazara alyp, ýagtylandyrmagyň ýörite tertibini döretmäge ukyplydyr. Şeýle hem bu ulgamda sarp edilýän energiýa, ýagtylandyryjylaryň ýagdaýy hakynda maglumat saklanýar we ol awtomatik ýagdaýda ýagtylandyryşyň görnüşini üýtgedip bilýär.
GridMapping Technology (Berg Hortimotive). GPS ulgamyň täze görnüşi datçikleriň kömegi bilen hasyly daşamak üçin teležkalary dolandyrýar. GridMapping Technology ulanmak arkaly ýyladyşhananyň ýerüstüne hereketi kadalaşdyrýan sensorlary oturtmagyň zerurlygy aradan aýrylýar. Fermer teležkanyň zerur bolan ýerde durmagyny we hasyly düşürmegini programmirläp bilýär.
IRIS! Scout Robot — derňeýji robot (Metazet FormFlex). Maglumatlary toplamagyň täze ulgamy sensor tehnologiýalaryndan, maşyn okuwyndan we emeli aňdan peýdalanýar. Ýyladyşhananyň içinde hereket edip, robot ösümlikleriň keselleri, zyýanly mör-möjekler we beýleki meseleler barada maglumat toplaýar. Sensorlar awtomatik ýagdaýda çyglylygy, daşy gurşawyň we ösümligiň temperaturasyny, kislorodyň we Gün radiasiýasynyň derejesini ölçeýär. Bu hili robot meseleleriň iň başlangyç döwründe ýüze çykarylmagyna we öz wagtynda çözgüt tapylmagyna ýardam edýär.

16.10.2025 10:31
10k+

Ýaponiýada AI bilen işleýän “adam ýuwujy kirmaşyn” görkezildi: 15 minuda ýuwup, guradyp berýär

Ýaponiýanyň Osaka şäherinde ýerleşýän Science kompaniýasy “Mirai Renjian” atly täsin enjamy — awtomatiki tämizleýji we rahatlandyryjy owkalaýjy kapsulany (“adam ýuwujy kirmaşyny”) hödürledi. Täze enjam emeli aň (AI) tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylypdyr...

12.10.2025 23:29
2.6k+

Neuralink-yň implanty goýlan näsag pikiriň güýji bilen robot goly dolandyrmagy öwrendi

Ilon Maskyň esaslandyran Neuralink startapynyň beýni implantlary häzirki wagtda 12 näsaga ornaşdyryldy. Şolaryň sekizinjisi — Nik Reý skleroz keselinden ejir çekýän näsag bolup, pikir güýji arkaly hereket edýän robot goly dolandyrmagy öwrenip başlandygyny paýlaşdy...

09.10.2025 17:10
5.2k+

Alymlar bir öýi bir günläp energiýa bilen üpjün edip bilýän beton batareýasyny döretdiler

Massaçusets Tehnologiýa Institutynyň (MIT) alymlary öň işlenip düzülen elektron geçiriji uglerodly betony (ec3) kämilleşdirdiler. Bu işläp taýýarlama öýüň binýadyny ýa-da diwarlaryny energiýa saklaýan enjama öwürýär diýip, New Atlas habar berýär...

06.10.2025 10:46
7.2k+

Awstraliýaly robot möý bir jaýy 24 sagadyň içinde çap edýär

Awstraliýada äpet möý şekilli üýtgeşik gurluşykçy robot oýlanyp tapyldy. Crest Robotics we Earthbuilt Technology kompaniýalary tarapyndan döredilen, "Şarlotta" diýlip atlandyrylýan oýlap tapyş, takmynan, 200 inedördül metrlik jaýy 24 sagadyň içinde çap etmäge ukyplydyr diýip, ABC  habar berýär...