Awtomobiliň näçe ýol geçendigini nädip barlamaly?

  • 27.08.2019 23:46
  • 16k+

Awtomobiliň geçen ýoly — onuň bazarda bahasyna we zerurlygyna täsir edýän esasy görkezijileriniň biridir. Eýsem, awtomobil hakyky geçen ýoluny nädip anyklamaly? Bu barada käbir maslahatlary siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

Haçan awtomobiliň geçen ýoly üýtgedilýär?

Awtoulagyny satmak kararyna gelen her bir adam ony satuwa özüçe taýýarlaýar. Käbir adamlar bu işi ak ýürekden berjaý edýärler, mysal üçin, eger-de ulag taksi hökmünde ulanylan bolsa, onuň geçen ýoluny üýtgetmän satuwa çykarýarlar we degişli nyrhy belleýärler. Käbirleri bolsa, awtoulagyň geçmişini gizlemek isleýärler. Satuwdan öň awtomobiliň geçen ýoluny azaltmak uzak ýol geçen awtoulaglarda ýygy-ýygydan duş gelýän hadysadyr.

Awtomobiliň geçen ýoluny düzetmek — bu giden bir iş. Bu işiň hili oňa tölenýän nyrha baglydyr. Awtomobiliň geçen ýoluny priborlardaky görkezijiden hem ýa-da elektron bloklaryň ähli ýerinden hem üýtgedip bolar. Odometrde haýsy sanyň görünjekdigi satyja bagly bolýar. 30-50 müň kilometr bolşy ýaly, ýüzlerçe müň kilometr hem azaldyp bolar.

​​​​​​​Awtomobiliň geçen ýoluny nädip barlamaly?

​​​​​​​Awtomobiliň hakyky geçen ýoluny barlamak kyn, kähalatlarda asla ýöne bir çaklama bilen çäklenilýär. Bu aldawdan 100% goranmak mümkin däldir, ýöne aýra-aýry alnan deliller boýunça awtomobiliň näçe ýol geçendigini anyklap bolar. Ýatdan çykarmaň: aşakda belläp geçjek zatlarymyz ýaramaz niýetli awtoulagyň eýesi tarapyndan gizlin saklanmagy mümkin, şonuň üçin hem detallara üns beriň.
Odometr. Ilkinji nobatda, priborlardaky sanlara dykgat ediň. Satyjylar bildiriş berenlerinde awtoulagyň hakyky geçen ýoluny azaldyp berip biler, ýa-da geçilen ýoluň haýsy ölçeg birliginde berilýändiginden bihabar bolup biler. Çünki kilometrlerde bolşy ýaly, geçilen ýol millerde hem berlip bilner. Mysal üçin, 126 müň mil 200 müň kilometrden hem köpdür.
Salonyň ýagdaýy. Köplenç halatda ulagyň salony onuň hakyky geçen ýolunyň aýdyň görkezijisi bolup durýar. Ýylpyldap duran rul, çöken oturgyç ýa-da pedalyň ýüzüniň sypjyrylmagy ulagyň aşa uzak ýol geçendigine şaýatlyk edip biler. Bu kemçilikler köplenç gizlin saklanylýar. Mysal üçin, detallar çalşylyp ýa-da reňklenip bilner.
Kuzowyň we detallarynyň ýagdaýy. Öçügsileşen faralar, bamperdäki we kapotdaky jaýryklar, ulagyň astynyň poslamagy — şular we başga-da ş.m. maglumatlar ulagyň uzak wagtlap ulanylandygyna şaýatlyk edýär. Emma bu ýagdaýda hem käbir zatlar gizlin saklanyp bilner. Bu ýagdaýda hem köp zady gaýtadan reňkläp bolýar.
Serwis kitapçasy. Meýilnamalaýyn tehniki barlagdan yzygiderli geçip durmak — awtoulagyň hakyky geçen ýoluny aýdyp biler.

​​​​​​​Ýeri onda nädip awtoulag satyn almaly?
Eger-de siz hakyky geçen ýoly görkezilen awtoulagy satyn almak isleseňiz, onda sabyrly boluň. Köp awtoulagy gözden geçiriň, olaryň bahalaryny deňeşdiriň.

düýn 22:25
1.5k+

Toyota kompaniýasy bZ seriýasynyň sedanlaryny we krossowerini görkezdi

2026-njy ýylyň Pekin awtosalonynda Ýaponiýanyň Toyota awtoulag kompaniýasy özüniň bZ hataryndan birbada dört sany elektromobili tanyşdyrdy: bZ3 sedanyny, bZ5 liftbegini, bZ3X krossowerini we täze flagman......

düýn 16:04
5.3k+

Täze Lexus ES täzelenen dizaýna we öňküden uly göwrüme eýe boldy

Lexus kompaniýasy Pekin awtosalonynda täzelenen ES 2026 biznes-sedanyny tanyşdyrdy....

düýn 13:03
4.1k+

BMW 2027-nji model ýylynyň täzelenen 7 Series-ni görkezdi. Ol 394 at güýjüne eýe we bahasy 101 000 dollardan başlaýar

BMW kompaniýasy 2027-nji model ýyly üçin flagman 7 Series sedanynyň täzeden işlenen görnüşi bilen resmi taýdan tanyşdyrdy. Onuň bahasy sähel galdyrylyp, uly tehniki we sanly gowulandyrmalar girizilipdir....

düýn 11:53
2.6k+

Hyundai Pekinde iki sany futuristik düşünjäni – Venus-y we Earth-i görkezdi

Hyundai kompaniýasy Pekin awtoulag sergisinde iki sany konseptual elektrik ulagyny: Ioniq Venus sedanyny we Ioniq Earth krossowerini görkezdi. Bu modeller brendiň hytaý bazarynda özüniň elektrik ulaglar......