«Turkmen-Tranzit» elektron tölegler üçin täze programma üpjünçiligini işläp düzdi

  • 20.08.2019 06:33
  • 8.8k+

«Turkmen-Tranzit» HJ adaty bank terminallarynda harytlaryň we hyzmatlaryň tölegini ýeňilleşdirýän TT.Gate atly patentlenen programma üpjünçiligini işläp düzdi. Ol terminalyň üsti bilen telefon, ýaşaýyş-jaý hyzmatlaryna, satyn alnan haryda töleg geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu barada ORIENT habar berýär.
TT.Gate hyzmat üçin tölegi geçirýän müşderi bilen şol hyzmata töleg geçirýän guramanyň hem-de şol tölegiň gelip düşýän bankynyň arasyndaky aralyk baglaşdyryjy bolup durýar. Ol müşderiniň tölegini hasaba alýar we bu baradaky maglumaty zerur bolan edaralara iberýär. Bu amal birnäçe tapgyrda amala aşyrylýar, ýöne müşderi üçin bu bary-ýogy birnäçe sekunt alýar.
Programma üpjünçiligini awtory, «Turkmen-Tranzit» HJ-niň töleg ulgamlaryny ornaşdyrmak we ösdürmek bölüminiň ýolbaşçysy Anton Sidorowyň bellemegine görä, TT.Gate programmasyna islendik edara, şol sanda häkimligiň edaralary, hususy söwdegärler we beýlekiler birigip biler. Munuň üçin «Turkmen-Tranzite» ýüz tutmaly we şertnama baglaşmaly. Hasaba alnandan soňra müşderä statistika, amallara boýunça wypiska we beýleki maglumatlar doly derejede elýeterli bolar. Öň munuň üçin banka ýüz tutmaly bolýardy.
TT.Gate elektron töleglere gözegçilik etmek üçin hem amatlydyr. Mysal üçin, ýaşaýyş-jaý hyzmatlaryny alyp göreliň. Bu ulgamda ownuk tölegler köp bolýar we müşderiler iş wagtynda ýaşaýyş jaý hyzmatlary üçin nobata durup töleg geçirmäge ýetişmän biler. Täze programma arkaly olar hyzmatlara terminalyň üsti bilen töleg geçirip bilerler.
Häzirki wagtda her bir aýratyn hyzmat üçin döwlet we hususy kärhanalar aýratyn terminaly hasaba alýarlar. TT.Gate ähli amallary ýeňilleşdirýär. Bir terminal birnäçe tölegleri kabul edip bilýär.
Mysal üçin, AşEnergiýada ýa-da Gaz gullugynda öz billing ulgamy bar. «Turkmen-Tranzit» oňa birigip bilýär we netijede ähli hyzmatlara bir terminaldan töleg geçirip bolýar.
Belläp geçsek, TT.Gate bank bilen utgaşyklylykda iş alyp barýar we ISO 8583 halkara standartlaryna laýyk gelýär.

düýn 23:19
810

Hytaýyň 3D-printeri çylşyrymly jisimleri bir sekunda ýetirmän çap edýär

Hytaýyň Sinhua uniwersitetiniň alymlary bary-ýogy 0,6 sekundyň içinde ýokary takyklyk bilen çylşyrymly jisimleri döretmäge mümkinçilik berýän 3D-çap tehnologiýasyny işläp düzdüler. Onuň iň kiçi bölekleri 12 mikrometre ýetýär...

düýn 18:46
2.3k+

Hytaýyň L7 roboty gylyç oýnatmakda ussatlygyň nusgasyny görkezdi

Hytaýyň Robotera kompaniýasy Hytaý Täze ýyly — Alawly At ýyly mynasybetli taýýarlan täze wideosyny paýlaşdy. Wideoda L7 atly adampisint robotyň gadymy hytaý gylyç tansyny ussatlyk bilen ýerine ýetirişi görkezilýär...

17.02.2026 09:29
3.9k+

Beýik Britaniýada elektrik toguny simsiz geçirmek synag edilýär

Beýik Britaniýada elektriki energiýasyny hiç hili simsiz geçirmek boýunça täze taslama badalga berildi. Wireless Power Transmission diýlip atlandyrylýan bu taslama, adaty elektrik ulgamlaryny we kabelleri simsiz ulgamlar bilen çalşyp boljakdygyny ýa-da olary bar bolan infrastruktura bilen bilelikde ulanyp boljakdygyny öwrenýär...

16.02.2026 20:11
1.2k+

Hindistanda ChatGPT-niň hepdelik işjeň ulanyjylarynyň sany 100 milliona ýetdi

Hindistan ChatGPT-niň hepdede 100 million işjeň ulanyjy görkezijisine ýetdi. Bu görkeziji ýurdy ABŞ-dan soň OpenAI kompaniýasynyň dünýädäki ikinji uly bazaryna öwürdi. Bu barada Nýu-Delide geçirilýän emeli aň boýunça hökümet sammitiniň öňüsyrasynda OpenAI-yň baş direktory Sem Altman habar berdi...