Türkmen kärhanalary täze okuw ýylyna 153 müňden gowrak kompýuter öndürer

  • 06.08.2019 06:43
  • 12k+

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýalar ministrliginiň ulgamynda ýerleşýän «Aýdyň gijeler» hojalyk birleşigi Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň birinji synpa gidýän çagalary kompýuterler bilen üpjün etmek boýunça sargydyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça işleri ýokary derejede alyp barylýar. Bu ýerde 70 müňden gowrak «elektron kömekçiler» ýygnalar, diýip Turkmenportal «Нейтральный Туркменистан» gazetine salgylanyp habar berýär.
Öwrediji kompýuterleriň beýleki tapgyryny — ýagny, has kiçi ýaşly okuwçylar üçin kompýuterleri Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tehnologiýalary merkeziniň «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasy öndürer. Bu iki kärhana bilelikdäki tagallalary bilen şu ýyl ýurdumyz boýunça birinji synpa gidýän 153 885 okuwçyny kompýuter bilen üpjün eder.
Mälim ýolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan her ýylda birinji synpa gidýän okuwçylara kompýuter sowgat bermek asylly däbe öwrüldi. Eger-de öňler bu kompýuterler daşary ýurtlardan satyn alnan bolsa, indi olar Türkmenistanyň özünde öndürilýär.
Öwrediji kompýuterleriň korpuslary termoplast-awtomatlarynda — Ýaponiýanyň we Hytaýyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary tehnologiýaly enjamlarynda öndürilýär. Kompýuteriň ekrany we çipi, klawiaturasy, simleri we beýleki düzüm bölekleri Taýwandan we Hytaýdan satyn alynýar. Kärhananyň önümçilik bölüminde bu zatlaryň ählisi ýygnalýar.
«Aýdyň gijeler» HB diňe bir öwrediji kompýuterleri ýygnamak bilen çäklenmän, eýsem, termoplast-awtomatikasy, energiýa tygşytlaýjy LED-lampalary öndürýän, şeýle hem 60-a 60, 30-a 30 we 30-a 40 ölçegli kiçi gabaraly asma LED potoloklary öndürýän bölümlerde hem işleri alyp barýar.
Birinji synpa gidýän okuwçylar üçin niýetlenilen öwrediji kompýuteriň agramy bir kilograma barabardyr. Onda 3 dilli — türkmen, rus, iňlis dillerindäki interfeýs bar.

düýn 20:32
911

Italiýada adamyň emeli aňa garaşlylygynyň ilkinji ýagdaýy resmi taýdan hasaba alyndy

Italiýanyň garaşlylyk bilen işlemek boýunça döwlet gullugy (SERD) ýurtda emeli aňa garaşly bolmagyň ilkinji ýagdaýyny hasaba aldy. «Gazzettino» gazetiniň habar bermegine görä, hakyky durmuşdaky gatnaşyklardan......

düýn 20:26
464

Ulanyjylaryň nägiliginden soň Windows 11-de widjetleriň görnüşi ýönekeýleşdirilip başlandy

Microsoft kompaniýasy Windows 11-däki widjetleriň ulanyjylaryň ünsüni sowýandygyny we interfeýsi artykmaç ýükleýändigini boýun alyp, olary ýönekeýleşdirmek meýilnamasyny yglan etdi....

düýn 15:47
976

Google displeýsiz, elýeterli Fitbit Air fitnes-bilezigini tanyşdyrdy

Google kompaniýasy täzelenen Fitbit hatarynyň ilkinji enjamy bolan Fitbit Air fitnes-bilezigini tanyşdyrdy. Bilezigiň kemeri bilen bilelikdäki umumy agramy bary-ýogy 12 grama deňdir....

düýn 07:31
2.3k+

Samsung daş-töwerek bilen bilelikde wideodyr şekil görkezýän AR linzaly äýnegini hödürledi

Samsung Display kompaniýasyna degişli bolan eMagin firmasy «SID Display Week» sergisinde içine micro-OLED displeýleri gurlan akylly äýnekler üçin linzalaryň prototiplerini görkezdi....