Aşgabatda ÝHHG-niň okuw seminary geçirilýär

  • 19.06.2019 06:16
  • 3.1k+

18-nji iýunda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda ÝHHG-nyň «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky kanunçylygynyň kämilleşmeginde hem-de KHBS ulgamyndaky reformalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk» atly maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän KHBS-ň syýasy, ykdysady we ynsanperwer meseleleri boýunça okuw maslahaty öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Türkmen tarapynyň ýardam bermeginde ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan gurnalan okuw maslahatyna ÝHHG-nyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Geçirilýän seminaryň işine halkara bilermenleri hökmünde Russiýa Federasiýasynyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň wekilleri hem gatnaşýarlar.
Seminaryň maksady halkara standartlaryna we häzirki zaman tehnologiýalarynyň ösüş talaplaryna laýyklykda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky kanunçylygyň döwrebaplaşdyrylmagy ulgamyndaky usullaryň hem-de öňdebaryjy tejribeleriň alyşylmagyna ýardam bermekden ybaratdyr.
Seminar öz işini 2019-njy ýylyň 18-nji iýunyna çenli dowam eder.

düýn 07:32
2.8k+

Ýaponiýada mekdep okuwçylary üçin «okuw rugsady» girizildi

Ýaponiýanyň Okinawa prefekturasynda köp mekdepler okuwçylara maşgalasy bilen wagt geçirmekleri üçin ýylda birnäçe gün «okuw rugsadyny» almaga rugsat berýän maksatnamany ornaşdyryp başlady. Bu barada «The Japan......

08.06.2026 23:01
2.6k+

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-da durnukly ösüşiň bähbidine iň gowy taslamalar sylaglandy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde......

02.06.2026 20:35
4k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

02.06.2026 19:33
6.7k+

Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okuw tölegleri bir ýylda 10,7% gymmatlady

Russiýanyň uniwersitetlerinde okuw tölegleri bir ýylyň dowamynda ortaça 10,7% ýokarlandy. Bu barada Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, «Kommersant» gazeti habar berýär....