Türkmenistanda Telekommunikasiýalar we informatika instituty döredildi we beýleki ÝOM-laryň düzümi üýtgedildi

  • 12.06.2019 21:10
  • 6.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti Ylymlar akademiýasynda ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiligi bilen geçiren duşuşygynyň çäginde ýokary okuw mekdepleriniň gurluş-düzümini üýtgetmek hakynda resminamalara gol çekdi. Netijede, senagat-kommunikasiýa toplumynyň bäsdeşligini ýokarlandyrmak, maglumat-kommunikasiýa serişdelerini döwrebaplaşdyrmak, sanly tehnologiýalary ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna ornaşdyrmak we olara hyzmat etmek üçin hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen «Türkmenistanda Telekommunikasiýalar we informatika institutyny döretmek hakynda» Permana gol çekdi.
Ykdysadyýetiň sanly düzümlerini ösdürmek, hünär taýýarlykly inženerleri we ulag we ýaşaýyş-kommunal pudaklary üçin tehnologlary taýýarlamaklygy kämilleşdirmek maksady bilen türkmen Lideri «Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň adyny Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty adynda üýtgetmek hakynda» degişli karara gol çekdi.
Köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeler sportyny ösdürmek, ýokary derejeli hünärmenleri, sport ussatlaryny, tälimçileri we sportuň olimpiýa görnüşi boýunça türgenleri taýýarlamaklygy kämilleşdirmek maksady bilen «Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň adyny Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna üýtgetmek hakynda» karara gol çekildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, ýurdumyzda syýahatçylygy ösdürmeklige aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda syýahatçylyk ugurlarynyň geografiýasyny giňeltmek, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini köpeltmek, ýurdumyzyň bu pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamaklygy kämilleşdirmek maksady bilen «Türkmen döwlet medeniýet institutynyň işini döwrebaplaşdyrmak hakynda» karara gol çekildi.

düýn 07:32
2.8k+

Ýaponiýada mekdep okuwçylary üçin «okuw rugsady» girizildi

Ýaponiýanyň Okinawa prefekturasynda köp mekdepler okuwçylara maşgalasy bilen wagt geçirmekleri üçin ýylda birnäçe gün «okuw rugsadyny» almaga rugsat berýän maksatnamany ornaşdyryp başlady. Bu barada «The Japan......

08.06.2026 23:01
2.6k+

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-da durnukly ösüşiň bähbidine iň gowy taslamalar sylaglandy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde......

02.06.2026 20:35
4k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

02.06.2026 19:33
6.7k+

Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okuw tölegleri bir ýylda 10,7% gymmatlady

Russiýanyň uniwersitetlerinde okuw tölegleri bir ýylyň dowamynda ortaça 10,7% ýokarlandy. Bu barada Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, «Kommersant» gazeti habar berýär....