Türkmenabat - Türkmenbaşy howa gatnawy hepdede dört gezege çenli artdyryldy

  • 11.06.2019 23:33
  • 4.5k+

Tomusky dynç alyş möwsüminiň gelmegi bilen, ýurdumyzyň raýatlary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalardyr dynç alyş merkezlerine köpçülikleýin gelip başlaýarlar. Bu bolsa, ilkinji nobatda, yzygiderli gatnawlary talap edýär.
Şu ýagdaýy nazarda tutup, Türkmenabadyň Halkara howa menzili ýakynda Türkmenabat - Türkmenbaşy we Türkmenbaşy - Türkmenabat gatnawlarynyň sanyny köpeltdi, diýip Turkmenportal «Türkmen gündogary» gazetine salgylanyp habar berýär.
Howa menziliniň «Türkmen gündogary» gazetinde ýerleşdirilen täze rejenamasyna görä, indi her hepdäniň çarşenbe, penşenbe, şenbe we ýekşenbe günleri bu ugurlar boýunça howa gatnawlary amala aşyrylar. Has takygy, çarşenbe we penşenbe günleri 19:35-de, şenbe hem-de ýekşenbe günleri 17:40-da Türkmenabat - Türkmenbaşy ugry boýunça howa gatnawy hereket eder. Türkmenbaşy - Türkmenabat ugry boýunça bolsa Çarşenbe, penşenbe we şenbe günleri 19:05-de, ýekşenbe güni 17:50-de gatnaw amala aşyrylar.
Täze gatnaw ugurlary 27-nji maýdan güýje girdi. Türkmenabadyň halkara howa menziliniň habar bermegine görä, bu ugurlar Awazadaky dynç alyş möwsümi tamamlanýança hereket eder.

düýn 16:26
3.5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

düýn 11:13
6.5k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

düýn 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

düýn 08:53
2.7k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....