Türkmenabat - Türkmenbaşy howa gatnawy hepdede dört gezege çenli artdyryldy

  • 11.06.2019 23:33
  • 4.5k+

Tomusky dynç alyş möwsüminiň gelmegi bilen, ýurdumyzyň raýatlary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalardyr dynç alyş merkezlerine köpçülikleýin gelip başlaýarlar. Bu bolsa, ilkinji nobatda, yzygiderli gatnawlary talap edýär.
Şu ýagdaýy nazarda tutup, Türkmenabadyň Halkara howa menzili ýakynda Türkmenabat - Türkmenbaşy we Türkmenbaşy - Türkmenabat gatnawlarynyň sanyny köpeltdi, diýip Turkmenportal «Türkmen gündogary» gazetine salgylanyp habar berýär.
Howa menziliniň «Türkmen gündogary» gazetinde ýerleşdirilen täze rejenamasyna görä, indi her hepdäniň çarşenbe, penşenbe, şenbe we ýekşenbe günleri bu ugurlar boýunça howa gatnawlary amala aşyrylar. Has takygy, çarşenbe we penşenbe günleri 19:35-de, şenbe hem-de ýekşenbe günleri 17:40-da Türkmenabat - Türkmenbaşy ugry boýunça howa gatnawy hereket eder. Türkmenbaşy - Türkmenabat ugry boýunça bolsa Çarşenbe, penşenbe we şenbe günleri 19:05-de, ýekşenbe güni 17:50-de gatnaw amala aşyrylar. Täze gatnaw ugurlary 27-nji maýdan güýje girdi.
Türkmenabadyň halkara howa menziliniň habar bermegine görä, bu ugurlar Awazadaky dynç alyş möwsümi tamamlanýança hereket eder.

вчера 16:26
3.5k+

Суд в США отменил сбор в $100 тыс. за рабочие визы

Федеральный суд США признал незаконным введенный администрацией Дональда Трампа обязательный платеж в размере 100 тысяч долларов при подаче заявлений на получение виз H-1B. Об этом сообщает CBS News....

вчера 11:13
6.5k+

Белую акулу впервые смогли заснять под водой в Средиземном море

В Средиземном море впервые удалось получить подводные кадры взрослой белой акулы в ее естественной среде обитания. Съемка была сделана во время операции по извлечению так называемых сетей-призраков, сообщила......

вчера 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» объявило набор водителей автобусов и такси

Акционерное общество открытого типа «Awtomobil Ulag hyzmaty» объявило о наборе опытных водителей для работы на автобусах и такси....

вчера 08:53
2.7k+

Учёные испекли хлеб, «вернув к жизни» дрожжи с тела 5300-летней мумии

Учёные испекли хлеб на закваске, созданной с использованием дрожжей, обнаруженных на теле 5300-летней мумии Этци, найденной в итальянских Альпах. Об эксперименте пишет издание Daily Mail...