Türkmen talyplary Halkara açyk matematika internet-olimpiadasynda 6 medal gazandylar

  • 23.05.2019 06:50
  • 5.2k+

Türkmenistanly talyplar Halkara açyk matematika internet-olimpiadasynyň jemleýji tapgyrynda 1 altyn, 3 kümüş we 1 bürünç medal gazandylar. Jemleýji tapgyr Mariý El Respublikasynyň Ýoşkar-Ola şäherinde Powolžýe döwlet tehnologiýa uniwersitetinde geçirildi. Bu barada centralasia.news habar berýär.
Medallar ugrunda 8 döwletden 56 ýokary okuw mekdepleriniň ýüzden gowrak talyby bäsleşdi. Olimpiadanyň netijeleri boýunça iň ökdeler 3 sany altyn, 14 kümüş we 25 bürünç medal gazandylar.
Türkmen talyplaryndan altyn medala Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematika fakultetiniň talyby Remezan Bagtyýarow; kümüş medallara TDU-nyň talyplary Myrat Çäşemow we Döwran Nurgeldiýew, şeýle hem Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Akmyrat Tirkeşow mynasyp boldy. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Perman Iljanow bolsa bürünç medaly eýeledi.
Türkmen talyplaryna ýolbaşçylyk eden Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy Pirmyrat Gurbanowyň bellemegine görä, bäsleşigiň esasy formatynyň çäklerinde talyplaryň ýokary okuw mekdeplerinde alýan bilim ugry boýunça şahsy gazananlary hem bahalandyryldy. Netijede, Myrat Çäşemow «matematika» ugrunda ikinji orna, Remezan Bagtyýarow «tehnikatehnologiýa» ugry boýunça üçünji orna, Akmyrat Tirkeşow «ynsanperwer-hukuk» ygry boýunça birinji orna, Perman Iljanow «ykdysadyýet we dolandyryş» ugry boýunça birinji orna mynasyp boldy. Türkmenistana dolanyp gelenlerinden soňra, Magtymguly adyndaky TDU-da ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy.

düýn 07:32
2.8k+

Ýaponiýada mekdep okuwçylary üçin «okuw rugsady» girizildi

Ýaponiýanyň Okinawa prefekturasynda köp mekdepler okuwçylara maşgalasy bilen wagt geçirmekleri üçin ýylda birnäçe gün «okuw rugsadyny» almaga rugsat berýän maksatnamany ornaşdyryp başlady. Bu barada «The Japan......

08.06.2026 23:01
2.7k+

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-da durnukly ösüşiň bähbidine iň gowy taslamalar sylaglandy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde......

02.06.2026 20:35
4k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

02.06.2026 19:33
6.7k+

Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okuw tölegleri bir ýylda 10,7% gymmatlady

Russiýanyň uniwersitetlerinde okuw tölegleri bir ýylyň dowamynda ortaça 10,7% ýokarlandy. Bu barada Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, «Kommersant» gazeti habar berýär....