Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy taýýarlanylýar

  • 13.05.2019 08:47
  • 2.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» ugur alyp, Türkmenistanyň Býujet kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny öz wagtynda taýýarlamak maksady bilen Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi:
Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak işlerini guramaga we olary 2019-njy ýylyň 1-nji noýabryna çenli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermäge;
taslamalary düzmek üçin hasaplama görnüşlerini we usulyýet görkezmelerini ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine 2019-njy ýylyň 1-nji iýunyna çenli ibermäge;
agzalan taslamalary taýýarlamak üçin hünärmenlerden ybarat iş toparyny döretmäge we onuň işini netijeli guramaga borçly edildi.
Hökümet mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, hökümet agzalaryna Döwlet býujetiniň maddalarynyň üstünde dykgatly işläp, ýaşaýyş-durmuş ugruna, zähmet haklarynyň möçberini köpeltmäge hem-de bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny maliýeleşdirmek üçin çykdajylary artdyrmaga esasy üns bermegiň zerurdygyny tabşyrdy.

şu gün 07:42
178

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

düýn 17:29
7.3k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.1k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

09.06.2026 12:22
2.4k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......