Seulda Türkmenistanyň medeniýet işgärleriniň moda görkezilişi we konserti geçirildi

  • 29.04.2019 16:30
  • 4.5k+

28-nji aprelde Seulyň merkezi etrabynda ýerleşen Çonge meýdançasynda Türkmenistanyň moda görkezilişi we medeniýet işgärleriniň konserti geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Çärelere Türkmenistanyň medeniýet işgärleri, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň «Näzli» döredijilik tans topary, şeýle hem Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýüniň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmen medeniýet ussatlarynyň çykyşlary we moda görkezilişi bu ýere gelen tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi. Çäräniň çäklerinde 28-nji aprelde Seulyň ýaşaýjylary şonuň ýaly-da Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sergisi we milli aşhanalary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
Bu çäreler Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Bahar Festiwalynyň çäklerinde geçirildi, ol Koreý gaznasynyň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynyň Kätipligi tarapyndan guraldy.

05.06.2026 13:07
4.6k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.8k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....