Dünýä ýurtlarynda ýol hereketiniň düzgün bozmalary üçin salynýan jerimeler

  • 25.04.2019 21:56
  • 5.5k+

Tizligiň ýokarlandyrylmagy, «gyzyl» çyrada geçip gitmek, serhoş halda awtoulagy dolandyrmak we howpsuzlyk kemerlerini ulanmazlyk awtoulag sürüjileriniň düzgün bozmalarynyň iň giň ýaýran görnüşleridir. Bilermenleriň pikirine görä, jerimeleriň möçberlerini artdyrmak bilen ýollarda howpsuzlygynyň derejesini ýokarlandyryp bolar. car.ru saýty bu ýagdaýyň dünýäniň dürli ýurtlarynda nähilidigini habar berýär.

 

Tizlik kadalarynyň bozulmagy üçin (20 km/sag) Norwegiýada 480 ýewro, Finlýandiýada 200 ýewro, Şwesiýada 230 ýewro, Şweýsariýada 160 ýewro jerime salnyp bilinýär. Germaniýada bu jerime 35 ýewro deňdir.

Sürüjiniň tizlik çäklendirmesini 50 km/sagat bozan bolsa Beýik Britaniýada jerime 2900 ýewro deň bolup biler. Şweýsariýada bu düzgün bozma üçin jerime sürüjiniň 60 aýlyk zähmet hakynda deň bolup biler.

Eger-de hukuk goraýjy işgärleri lukmanlaryň kömegi bilen sürüjiniň ganynda alkogol ýüze çykarsa, onda Şweýsariýada, Ispaniýada sürüji tussag edilýär. Ýörite enjamsyz tlefonda gürleşendigi üçin sürüjä 200 ýewro jerime salynýar.

Beýik Britaniýada howpsuzlyk kemerini dakmadyk sürüjä 580 ýewro, Ispaniýada we Daniýada 200 ýewro, Şweýsariýada bolsa 55 ýewro jerime salynýar.

Italiýada tizligiň ýokarlandyrylmagy üçin 779-3119 ýewro jerime salynýar. Serhoş halda ulagy dolandyrmak (0,5 promile çenli) 0,5-2 müň ýewro; 0,8 promil – 0,8-2000 ýewro; 1,5 ýa-da ondan ýokary promil üçin Italiýada 1,5-6 müň ýewro tölemeli we iki ýyllyk sürüjilik şahadatnamaňdan el çekmeli.

Finlýandiýada ýol hereketiniň kadalarynyň bozulandygy üççin jerimäniň möçberiniň 170 müň ýewro deň bolan ýagdaýy hasaba alnypdy.

düýn 11:18
3.9k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......

09.06.2026 15:11
3.1k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

08.06.2026 16:02
1.8k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 19:58
1.6k+

Maserati meşhur üç dişli nyşanynyň ýüz ýyllygyny "GT2 Stradale" ýörite wersiýasy bilen belledi

Maserati kompaniýasy soňlugy bilen brendiň logotipine öwrülen meşhur üç dişli nyşanynyň ilkinji gezek ulanylan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan "GT2 Stradale" superkarynyň ýörite wersiýasyny tanyşdyrdy.......