Atageldi Garýagdyýew GDA-nyň baýragyna mynasyp bolan ilkinji türkmen

  • 23.04.2019 11:38
  • 3.1k+

Türkmenistanyň halk artisti, opera aýdymçysy Atageldi Garýagdyýew «Arkalaşygyň Ýyldyzy» baýragyna mynasyp boldy. Bu barada turkmenistan.ru internet-neşiri habar berýär.

«Arkalaşygyň Ýyldyzy» döwletara baýragy gowşurmak boýunça geňeşi 2018-nji ýyl üçin GDA-nyň esasy ynsanperwer baýragynyň eýelerini yglan etdi. Bu baýrak ynsanperwer ulgamdaky dünýä derejesine laýyk gelýän we GDA gatnaşyjy döwletleriň her biriniň ösmegine ýardam edýän iň bir üstünlikli tagallalary üçin her ýylda GDA döwletleriniň wekillerine gowşurylýar. Baýragyň möçberi – 2 million rubl.

Şu ýyl baýragy almak üçin 9 döwletden 14 sany dalaşgär dalaş etdi. Emin agzalarynyň çözgüdi bilen Belarusdan, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Moldowadan, Russiýadan, Türkmenistandan we Täjigistandan jemi 11 adam bu baýraga mynasyp boldy.

«Arkalaşygyň Ýyldyzy» baýragynyň ilkinji gezek Türkmenistandan ýeňijisi Atageldi Garýagdyýew boldy.

Atageldi Garýagdyýew — Türkmen milli konserwatoriýasynyň professory. Köp ýyllaryň dowamynda Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynda işledi. Ol «Galkynyş» we «Garaşsyz döwlete bolan söýgüsi üçin» ordenlerine, «Gaýrat», «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna», «Magtymguly Pyragy» we «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» medallaryna mynasyp boldy.

Döwletara baýraklar 15-nji maýda Aşgabatda GDA gatnaşyjy agza döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumynda dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

düýn 16:26
3.5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

düýn 11:13
6.5k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

düýn 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

düýn 08:53
2.7k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....