Awtoulagyň ömrüni uzaltmagyň 6 usuly

  • 19.04.2019 12:25
  • 8.8k+

Awtomobil saýlamakda onuň ygtybarlylygyna örän köp üns berilýär. Çünki her bir sürüji ulagynyň döwülmezligini, tehniki babatda mesele çykarmazlygyny isleýär. Ýöne sürüjiniň endikleriniň awtomobiliň ygtybarlylygyna ýetirip bilýän täsiri barada hemmeler oýlanyp baranok. Eýsem, awtomobiliň ömrüni uzaldyp biljek bu endikler haýsy?

1. Dwigateliň we geçiriji karobkanyň ýagyny yzygiderli çalşyp durmak

Dwigateldäki we geçiriji karobkadaky ýag sürtülýän üstleri ýaglamak we sowatmak üçin niýetlenendir, şeýle hem ol poslamadan goraýar. Uzelleriň iş mahalynda dürli görnüşli galyndylary we sandan çykan önümleri özüne siňdirip, ýag netijede wagtyň geçmegi bilen öz güýjüni ýitirýär. Bular ýaly ýagda awtoulagy dolandyrmak onuň beýleki şaýlaryny tiz sandan çykarar. Şonuň üçin hem dwigateliň we geçiriji karobkanyň ýagyny yzygiderli çalşyp durmagy endik edinmek möhümdir.

2. Beýleki sarp ediş materiallaryny we suwuklyklary çalyşmak

Awtoulagda, motor we transmissiýa ýagyndan başga-da, yzygiderli çalyşmagy talap edýän detallaryň we suwuklyklaryň köp sanlysy bardyr. Olara — filtrler (howa, ýangyç, ýag), GRM guşagy, dürli suwuklyklar (tormoz, sowadyjy, GUR suwuklygy), tormoz kolodkalary, podweskanyň saýlentbloklary degişli. Bulary çalyşmagy endik edinmek hem zyýan etmez.

3. Awtoulagyň ýagdaýyny yzygiderli gözegçilikde saklamak

Maşynyň kapotyny aram-aram galdyryp barlamak möhümdir. Beýle etmek ýag ýa-da beýleki suwuklyklaryň akmagyny öz wagtynda bilmäge, şeýle hem homutlaryň we şlanglaryň ýagdaýyny gözegçilikde saklamaga ýardam eder. Iň bolmanda hepdede bir gezek pokryşkalaryň basyşyny barlamak maslahat berilýär.

4. Awtomobili ýuwmak

Awtoulagy yzygiderli ýuwmak ondaky täze ýemşikleri we çyzyklary ýüze çykarmaga we olary düzetmäge kömek edýär. Maşynyň salonyny arassalamak hem möhümdir. Plastikleri süpürmeli, oturgyçlaryň kožasyny ýörite serişdeler bilen arassalamaly, tertipleşdirmeli. Bu zatlary salonyň içindäki zatlaryň ömrüni uzaldar.

5. Maşyndaky ses (galmagala) üns bermek

Öz maşynyňy ünsli diňlemeli. Näsazlyk heniz ýüze çykmanka, ony öňünden bilip bolýar. Dürli jygyldylar, podweskanyň işindäki üýtgeşmeler we motordaky sesler — bular näsazlygyň golaýlaýandygyny habar berýär. Şular ýaly ýagdaýda haýal etmän, serwise gitmeli.

6. Tehniki ideg hökmanydyr

Maşynyň işiniň hili serwisdäki idege baglydyr. Şonuň üçin hem elmydama şol bir serwis merkezinden, şol bir mehanigiň hyzmatlaryndan peýdalanmak maslahat berilýär. Onuň bilen dostlaşmak zyýan etmez.

 

şu gün 09:56
1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

düýn 00:00
2.5k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.4k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....