«Petronas» kompaniýasy Malaýziýa okuwa çagyrýar

  • 13.04.2019 11:55
  • 5.9k+

«Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» malaýzaiýa kompaniýasy «Petronas» Tehnologiýa uniwersitetinde (Perak ştaty, Malaýziýa) 2020-nji okuw ýyly üçin ugurlaryň birnäçesi boýunça dalaşgärleri kabul edýär, diýip oilgas.gov.tm saýty habar berýär. Ugurlaryň içinde maşyngurluşygynyň tehnologiýasy, himiýa maşyngurluşygy, nebitçykarmaklygyň tehnologiýasy, elektrika we elektronika, geologiýa we geofizika, maglumat kompýuter tehnologiýalary, işewür maglumatlaşdyryş ulgamy bar.

Malaýziýa kompaniýasy Hazar deňziniň türkmen bölegindäki uglewosorod serişdelerini özleşdirmekde Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlarynyň biridir. Üstünlikli öndürijilik işjeňligi bilen birlikde kompaniýa her ýylda ýurdumyzyň ýaş raýatlaryny «Petronas» Tehnologiýa uniwersitetinde bilim almaga çagyrýar. Şunuň bilen kompaniýa Türkmenistanyň nebitgaz ulgamy üçin hünärmenleri taýýarlamaga öz goşandyny goşýar.

düýn 07:32
2.8k+

Ýaponiýada mekdep okuwçylary üçin «okuw rugsady» girizildi

Ýaponiýanyň Okinawa prefekturasynda köp mekdepler okuwçylara maşgalasy bilen wagt geçirmekleri üçin ýylda birnäçe gün «okuw rugsadyny» almaga rugsat berýän maksatnamany ornaşdyryp başlady. Bu barada «The Japan......

08.06.2026 23:01
2.7k+

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-da durnukly ösüşiň bähbidine iň gowy taslamalar sylaglandy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde......

02.06.2026 20:35
4k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

02.06.2026 19:33
6.7k+

Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okuw tölegleri bir ýylda 10,7% gymmatlady

Russiýanyň uniwersitetlerinde okuw tölegleri bir ýylyň dowamynda ortaça 10,7% ýokarlandy. Bu barada Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, «Kommersant» gazeti habar berýär....